Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!
Nehemýa 5:19
Gündelik Ýagtylyk

Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!
Nehemýa 5:19
«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.
Ýermeýa 2:2
Ýöne ýaşlygyňda seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlap, seniň üçin baky äht berkarar ederin.
Ezekiýel 16:60
Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn. Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.
Ýermeýa 29:10–11
«Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir.
Işaýa 55:9
Men bolsam Hudaýa ýüz tutardym, dawamy Oňa tabşyrardym. Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, san-sajaksyz gudratlary görkezýär.
Eýýup 5:8–9
Men diýdim: «Ýa Reb, maňa merhemet eýle, şypa ber, çünki men günäli Seniň öňüňde».
Zebur 40:5
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
6 ýan 2024
Zebur 90:17
5 ýan 2024
Ýewreýler 4:3
4 ýan 2024
Kanun taglymaty 12:9
3 ýan 2024
Zebur 107:7
2 ýan 2024
Işaýa 42:10
1 ýan 2024
Filipililer 3:13–14
31 dek 2023
Kanun taglymaty 1:31

Ruhy özgeriş
Sözler güýçlüdir, milletlere, jemgyýetlere we adamlara gowy ýa-da erbet täsir edýär. Ýüreklerimiz dilimizi…
Tabynlyk
Dawudyň wepalylygyny, Hudaýyň buýruklaryny we Onuň sözüni saklamagyň arasyndaky tapawudy we Dawudyň howlukmaç…
Hudaýyň hökümdarlygy
Durmuş synaglarynda Hudaýyň hökümdarlygyny we merhemetini açyň. Onuň barlygyny ykrar etmegi, Oňa garaşmagy we…

Ruhy özgeriş
Sözler güýçlüdir, milletlere, jemgyýetlere we adamlara gowy ýa-da erbet täsir edýär. Ýüreklerimiz dilimizi…
Dogrulyk
Zebur 1-nji baby öwreniň, dogrylar bilen hudaýsyzlary deňeşdiriň we Isa Mesihi kämil Dogry Adam hökmünde açyň.
Iman
Kynçylyklaryň Golaýat ýaly sizi basyp almagyna ýol bermäň. Aladalaryňyzy Hudaýa tabşyrmagy, şeýtana garşy…

Tabynlyk
Dawudyň wepalylygyny, Hudaýyň buýruklaryny we Onuň sözüni saklamagyň arasyndaky tapawudy we Dawudyň howlukmaç…
Pyghamçylyk
Ysraýylyň pygamberlik geljegini düşüner ýaly Hudaýyň ähtlerini açyň. Bu makalada Ybraýymyň, Palestinanyň…