Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi.
Rut 3:18
Gündelik Ýagtylyk

Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi.
Rut 3:18
„Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.
Işaýa 7:4
Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.
Zebur 46:10
Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi.
Ýohanna 11:40
Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
Işaýa 2:17
Bu aýalyň Merýem atly bir gyz dogany bardy. Ol Reb Isanyň alkymyna baryp oturyp, Onuň sözlerini diňleýärdi.
Luka 10:39
Diňe bir zat gereklidir. Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiç alynmaz» diýip jogap berdi.
Luka 10:42
Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz.
Işaýa 30:15
Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.
Zebur 4:4
Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.
Zebur 37:7
Ol garyplary ýerden galdyrýar, mätäçleri kül içinden çykarýar, olary şazadalaryň ýanynda, Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.
Zebur 112:7-8
Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.
Işaýa 28:16
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 sen 2024
Exodus 13:7
2 sen 2024
Psalms 27:14
1 sen 2024
Galatians 5:22-23
31 awg 2024
Romans 5:16
30 awg 2024
Esther 5:2
29 awg 2024
Proverbs 16:20
28 awg 2024
Revelation 12:10

Gulluk
Marta we Merýemden şatlykly gulluk we aşa köp sežde hakda öwreniň. Imanyňyzda deňagramlylygy tapyň, başgalara…

Hudaýyň söýgüsi
Hudaýyň söýgüsiniň imany nädip oýarýandygyny, saklaýandygyny we çuňlaşdyrýandygyny öwreniň. Mesih bilen…

Ynam
Rebbiň öňünde asudalykda we ynamda güýç tapyň, esasanam aladaly geljek bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda.

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Ygtybarlylyk
Resul Pawlusyň azaplaryny, asman görnüşini we ony kiçigöwünli saklan 'bedendäki tikeni' öwreniň. Hudaýyň…

Sabyr
Ýusubyň türme tejribesi kynçylyklarda sabyrlylygy we Hudaýa garaşmagy öwredýär. Hudaýyň synaglary imany we…