Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.
1 Ýohanna 2:20
Gündelik Ýagtylyk

Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.
1 Ýohanna 2:20
Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.
Resul 10:38
Çünki Hudaý doly kämilliginiň Isada ornaşmagyny makul bildi.
Kolosiýalylar 1:19
Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.
Ýohanna 1:16
Ol Rebden alar ak pata, halas edýän Hudaýyndan alar aklanma.
Zebur 23:5
Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.
1 Ýohanna 2:27
Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.
Ýohanna 14:26
Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär.
Rimliler 8:26
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
1 dek 2024
Isaiah 32:2
30 noý 2024
Revelation 1:4
29 noý 2024
Psalms 65:4
28 noý 2024
James 2:26
27 noý 2024
John 17:22
26 noý 2024
Isaiah 62:4
25 noý 2024
Romans 6:18

Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…

Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…
Akyl Saglygy
Köp Mesihçiler depressiýa düşenlerinde öz imanlaryna şübhelenýärler. Imanly hökmünde depressiýa garşy…
Günä
Ýüregiň we günäniň ruhy keseli hökmünde Injildäki manysyny öwreniň. Hudaýyň garaýşyny, Şeýtanyň hüjümlerini…
Töleg
Bir ýewreý adam adaty ýehudy dininden Isa Mesihiň gany arkaly hakyky günä geçişi tapmak üçin eden syýahatyny…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…