Mesihiň bolsa bizi günälerimizden saplamak üçin gelendigini bilýänsiňiz. Onda asla günä ýokdur.
1 Ýohanna 3:5
Gündelik Ýagtylyk

Mesihiň bolsa bizi günälerimizden saplamak üçin gelendigini bilýänsiňiz. Onda asla günä ýokdur.
1 Ýohanna 3:5
Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi. Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi. Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.
Ýewreýler 1:1-3
Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.
2 Korintoslylar 5:21
Bütinleý ýüz görmezden, her kime eden işine görä höküm çykarýan Hudaýy Ata diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi Hudaýdan gorkup geçiriň. Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz. Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz. Mesih dünýä ýaradylmazdan öň bellenen hem bolsa, siziň hatyraňyza bu döwrüň ahyrynda aýan boldy.
1 Petrus 1:17-20
Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär. Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi.
2 Korintoslylar 5:14-15
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 ýan 2025
Hebrews 13:13-14
25 ýan 2025
Romans 3:22
24 ýan 2025
Philippians 4:5
23 ýan 2025
Romans 5:5
22 ýan 2025
Psalms 48:14
21 ýan 2025
John 15:2
20 ýan 2025
Isaiah 9:6
Halasgärlik
Hudaýyň Guzusynyň ähli zerurlyklar üçin ýeterlik bolan çuňňur täsirini öwreniň. Guzynyň bir oglanjykdan…

Arassalanmak
Fiziki ýuwunmak mysalynda, bu makala Isa Mesih arkaly günäden ruhy arassalanmagyň zerurlygyny düşündirýär.
Duýduryş
Biz howp we zäher baradaky ynsan duýduryşlaryna gulak asýarys, ýöne köplenç Hudaýyň günä we ebedi ýaşaýyş…
Halasgärlik
Isa Mesih näme üçin haçda meýletin ölendiginiň çuňňur sebäplerini öwreniň. Onuň gurbanlygynyň siziň…
Halasgärlik
Mesihiň ganynyň günäleri bagyşlamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin näme üçin möhümdigini öwreniň. Hudaýyň halas…
Ölüm
Ölüm hemmelere wagyz edip, ynsanlaryň Hudaýyň öňündäki günäsini we aýbyny açýar. Mesihdäki Hudaýyň…

Arassalanmak
Fiziki ýuwunmak mysalynda, bu makala Isa Mesih arkaly günäden ruhy arassalanmagyň zerurlygyny düşündirýär.

Duýduryş
Biz howp we zäher baradaky ynsan duýduryşlaryna gulak asýarys, ýöne köplenç Hudaýyň günä we ebedi ýaşaýyş…

Halasgärlik
Isa Mesih näme üçin haçda meýletin ölendiginiň çuňňur sebäplerini öwreniň. Onuň gurbanlygynyň siziň…