Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi.
Rut 3:18
Gündelik Ýagtylyk
Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi.
Rut 3:18
„Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.
Işaýa 7:4
Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.
Zebur 46:10
Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi.
Ýohanna 11:40
Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.
Işaýa 2:17
Bu aýalyň Merýem atly bir gyz dogany bardy. Ol Reb Isanyň alkymyna baryp oturyp, Onuň sözlerini diňleýärdi.
Luka 10:39
Diňe bir zat gereklidir. Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiç alynmaz» diýip jogap berdi.
Luka 10:42
Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz.
Işaýa 30:15
Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.
Zebur 4:4
Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.
Zebur 37:7
Ol garyplary ýerden galdyrýar, mätäçleri kül içinden çykarýar, olary şazadalaryň ýanynda, Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.
Zebur 112:7-8
Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.
Işaýa 28:16
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 sen 2025
Exodus 13:7
2 sen 2025
Psalms 27:14
1 sen 2025
Galatians 5:22-23
31 awg 2025
Romans 5:16
30 awg 2025
Esther 5:2
29 awg 2025
Proverbs 16:20
28 awg 2025
Revelation 12:10