Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.
Galatýalylar 6:2
Gündelik Ýagtylyk
Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.
Galatýalylar 6:2
Her kes diňe öz bähbidini däl, eýsem başgalaryň bähbidini hem arasyn. Isa Mesihiň garaýyşlary sizde hem bolsun:
Filipililer 2:4-5
Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi, Ol Özüni asla hiç etdi. Ol ynsan sypatyna girip,
Filipililer 2:7
Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Mark 10:45
Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi.
2 Korintoslylar 5:15
Merýemiň we onuň bilen bile gelen ýahudylaryň aglaýanyny görende, Isanyň kalbyny çuňňur gynanç gaplap, ýüregi gyýyldy.
Ýohanna 11:33
Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy.
Ýohanna 11:35
Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.
Rimliler 12:15
Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň. Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.
1 Petrus 3:8-9
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
14 dek 2025
Psalms 66:2
13 dek 2025
2 Timothy 2:1
12 dek 2025
Zephaniah 3:15
11 dek 2025
Romans 14:16
10 dek 2025
John 10:29
9 dek 2025
Proverbs 21:3
8 dek 2025
Galatians 5:13