Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.
Matta 12:42
Gündelik Ýagtylyk
Günorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.
Matta 12:42
Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.
Işaýa 9:6
Hatda dogry adam üçin ölmäge taýyn adamy tapmak kyndyr. Ýöne kim bilýär, belki, ýagşy adam üçin ölüp biljegiň tapylmagy-da ahmal. Emma Isa Mesih heniz günäkärkäk, biziň üçin öldi. Şeýdip, Hudaý bize bolan söýgüsini görkezdi.
Rimliler 5:7-8
Isa Mesih Hudaýyň tebigatyna eýe bolsa-da, ony Özüne dereje saýmady, ondan mäkäm ýapyşmady. Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi, Ol Özüni asla hiç etdi. Ol ynsan sypatyna girip, ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy, Özüni peseltdi.
Filipililer 2:6-8
Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.
Efesliler 3:19
Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr.
1 Korintoslylar 1:24
Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir.
Kolosiýalylar 2:3
Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.
Efesliler 3:8
Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.
1 Korintoslylar 1:30
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
21 awg 2026
Psalms 119:57
20 awg 2026
Numbers 23:19
19 awg 2026
1 Peter 1:15
18 awg 2026
Deuteronomy 3:24
17 awg 2026
James 5:16
16 awg 2026
1 Chronicles 22:5
15 awg 2026
Hebrews 13:20-21