S: On tabşyrygy berjaý etmek bilen Jennete baryp bilermiň?
J: On tabşyryk Hudaýyň ýaşaýyş kanunlarydyr. Emma Isadan başga hiç kim olary hemişe berjaý edip bilmedi. Galanlarymyz öz tagallalarymyz bilen Jennete baryp bilmeris, sebäbi Mukaddes Kitap şeýle diýýär:
Hiç kim Hudaýyň kanunyny berjaý etmek bilen Onuň nazarynda dogry bolup bilmez. Sebäbi Hudaýyň kanunyny näçe köp bilsek, oňa boýun bolmaýandygymyz şonça-da aýdyň bolýar (Rimliler 3:20 NLT).
S: Altyn düzgüni berjaý etmek bilen ol ýere baryp bilermiň?
J: Hudaý biziň Özüni we goňşymyzy söýýändigimizi görkezmek üçin gowy işler etmegimizi islese-de, Mukaddes Kitap bu işleriň bizi dowzahdan halas etmejekdigini aýdýar:
Ol bizi eden gowy işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy üçin halas etdi (Titus 3:5).
S: Onda ybadathana gitmek, sadaka bermek, doga etmek, agyz beklemek we ş.m. näme?
J: Bularyň hemmesi gowy bolsa-da, olar bizi hiç haçan halas etmez. Mukaddes Kitap şeýle diýýär:
Biziň dogry işlerimiz ... hapa matalardyr (Işaýa 64:6).
S: Hristian ene-atalaryň bolmagy meni Jennete eltip bilermi?
J: Hristian ene-atalaryň bolmagy gowy, ýöne olaryň imany bilen Jennete baryp bilmersiň. Sen ynanmaly. Mukaddes Kitap şeýle diýýär:
Oňa (Isa) ynanan we Ony kabul edenleriň hemmesine Hudaýyň çagalary bolmaga hukuk berdi. Olar täzeden dogulýarlar! Bu fiziki dogluş däl ... bu täzeden dogluş Hudaýdan gelýär (Ýahýa 1:12-13).
Biz özümizi gowy bolmak, gowy işler etmek ýa-da gowy ene-atalaryň bolmagy bilen halas edip bilmeýändigimiz üçin, Hudaý Öz Ogluny biziň ýerimize ölmäge iberdi. Isa biziň günälerimiz üçin haçda ölüp, direlende, biziň Jennete barmagymyz üçin ýeke-täk ýol boldy. Ol şeýle diýdi:
Meniň habarymy diňleýänler we Meni iberen Hudaýa ynanýanlar ebedi ýaşaýşa eýedirler (Ýahýa 5:24).
Isa Jennete barmagyň ýeke-täk ýoludyr.





