Hoş Habar– Fewral 2010 –Merhemet we Hakykat Žurnaly
Siz Ýeterlik Gowy Adammy?
“Jennete gitmek üçin gaty, gaty gowy adam bolmaly”diýip, bir ýaş gyz öz uly jorasyna aýtdy.
“Sen şonça gowumy?” diýip, jorasy sorady.
“Ýok, men beýle däl öýdýän” diýip, ol dogrusyny aýtdy.
2000 ýyldan gowrak wagt mundan öň, resul Pawlus şeýle diýdi: “Mende hiç hili gowy zat ýok” (Rim. 7:18NIV). Mukaddes Kitabyň 13 kitabyny ýazan adam şonça erbet bolup bilermi?
Siz nähili?Siz jennete gitmek üçin ýeterlik gowy adammy? Siz hiç haçan ýalan sözlediňizmi, bir zady ogurladyňyzmy, ene-ataňyza boýun egmediňizmi ýa-da biri barada erbet zatlar aýtdyňyzmy? Eger şeýle eden bolsaňyz, onda siz hem gaty gowy däl.
Aslynda, Mukaddes Kitaba görä, hiç kim gowy işleri esasynda jennete gitmek üçin ýeterlik gowy däl. Ol şeýle diýýär: “Hiç kim gowylyk etmeýär, hatda biri hem däl ... çünki hemmeler günä etdiler we Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular” (Rim. 3:12,23).
Hudaý biziň käbir gowy zatlary edip bilmeýändigimizi aýtmaýar. Emma Ol hemmämiziň günä diýilýän erbet zatlary edýändigimizi we olaryň bizi jennetden daşda saklajakdygyny aýdýar.
Käbir adamlargowy bir zat edenlerinde, eden erbet zatlarynyň ýok bolýandygyny pikir edýärler. Emma günä beýle aňsat ýok bolmaýar. Hudaý günäni bir mata bölegindäki hapa tegmili – eşiklerimizdäki boýag ýaly – näçe gezek ýuwsaňyz hem aýrylmaýan zat hökmünde suratlandyrýar.
Hekaýamyzdaky ýaş gyz özüniň ýeterlik gowy däldigini bilende, uly jorasyna gaty möhüm bir sorag berdi: “Onda biz jennete nädip baryp bileris?”
Onuň uly jorasy Mukaddes Kitapda jogabyň bardygyny aýtdy. Ol şeýle diýýär: “Isa Mesihiň, Hudaýyň Oglunyň gany bizi ähli günälerden arassalaýar” (1 Ýah. 1:7). Isa Öz ganyny dökdi we biziň günälerimiz üçin öldi, şonuň üçin olar ýuwulyp bilnerdi. Bu, hiç kimiň eden iň kyn zady boldy.
Siz başga biriniň eden erbet zatlary üçin ejir çekmäge razy bolarmydyňyz?Meniň ýaly, siz hem ähtimal: “Mümkin däl! Goý, olar öz günäleri üçin ejir çeksinler. Olar eden işlerine laýyklykda alýarlar” diýersiňiz.
Gowy habar isleýärsiňizmi? Hudaý biziň barada hiç haçan beýle diýmeýär! Gaýtam, Mukaddes Kitap bize şeýle diýýär: “Hudaý biziň üçin Öz söýgüsini şeýle görkezýär: Biz heniz günäkärkäk, Mesih biziň üçin öldi” (Rim. 5:8). Ol ýene-de şeýle diýýär: “Hudaý dünýäni şeýle söýdi, Ol Öz ýeke-täk Ogluny berdi, şonuň üçin Oňa iman eden her kim heläk bolmaz, eýsem ebedi ýaşaýşa eýe bolar” (Ýah. 3:16).
Ýaş gyz Hudaýyň söýgüsi we jennete nädip baryp bolýandygy barada eşidende, günälerini Hudaýa boýun aldy we Isany öz Halasgäri bolmagyny sorady.
Siz nähili?Mukaddes Kitap bize, eger biz Isany öz Rebimiz we Halasgärimiz hökmünde ynanmasak, günälerimiz içinde öleris we dowzaha düşeris diýip duýdurýar. Nähili elhenç ölüm! Nähili elhenç ýer!
Emma beýle bolmaly däl. Näme üçin bu ýaş gyzyň edenini etmeli däl? We näme üçin häzir etmeli däl? Eger jennete nädip baryp bolýandygy barada has köp maglumat isleseňiz,biz size has köp aýdyp bileris.
Hoş habar risalasy hökmünde elýeterli.