Barha köp Mesih Hudaýyň çagalarynyň arasynda özüne mynasyp orun tapmaýandygyny duýýaryn. Mesihiň ýanynda başga bir zat olaryň maksady – bir taglymat, bir dogma, bir partiýa, bir konfessiýa ýa-da olaryň tejribesi. Gaty az adam «ýüzüni ýere goýup», soňra Isadan başga hiç zady görmän galan ýaly.
«Mesih ähli zatdyr» (Koloseliler 3:11), ýöne biz Ony hakykatdan-da şeýle edýärismi? Biz Oňa iman etmek arkaly halas bolýandygymyzy bilýäris (Resullaryň Işleri 16:31), ýöne biziň gykylygymyz, Oňa bilmek üçin bolmaly (Filipililer 3:10 bilen deňeşdiriň). Biziň öz-özümizi söýmekligimizde, biz bereket üçin aglaýarys we ýalbarýarys, emma bize Bereket berijiniň Özüsi gerek. Atanyň Öz Oglundan alýan lezzetini Onuň bilen bile dadalyň. Mesih taglymatdan ýa-da tejribeden çäksiz ýokarydyr!
Şu ýerde aýdaýyn: Ruh hiç haçan bizi Öz içimizdäki işi bilen meşgul etmeýär.
Eger biz şeýle meşgul bolsak, tejribe Ruhdan däl! Hakykatdan-da, Mesihiň işiniň özüsi, nähili bereketli bolsa-da, meniň ýüregimiň maksady bolup bilmez, diňe Onuň Şahsyýeti. Eý, Onuň Şahsyýeti biziň ýüreklerimizi nähili kanagatlandyryp biler!
Ata biziň ünsümizi Oňa gönükdirýär (Matta 17:5) we Mukaddes Ruh bizi Onuň bilen meşgul eder (Resullaryň Işleri 7:55-56). Ony maksat etmeýän her bir zat ýalan we hakyky däl. Ol haçda däl, gabyrda däl, emma Ol tagtdadyr. Biziň üçin ölen Ol biziň Aklawjymyz hökmünde ýaşaýar we Öz Buthanasy üçin Gelinlikçi hökmünde geler.
Biziň bilen Mesih, Mesih, Mesih bolsun – her bir söýgi, her bir isleg, her bir pikir we her bir maksat Onda jemlensin. F.C.B.





