Noýabr 2019 –Merhemet we Hakykat Žurnaly
Men siziň žurnalyňyza ýazylyp, onybir ýyl bäri alýaryn we ony gowy görýärin! Meni dürli taglymatlar gurşap aldy, ýöne men siziňki ýaly, mezheplere ýapyşman, diňe hakykaty saklaýan hiç kimi ýa-da žurnaly tapmadym.– ABŞ
Merhemet we Hakykat ŽurnalyMerhemet we Hakykat Žurnalymeniň üçin hakyky bereketdir.Men ýaşaýan garrylar öýünde agşamlar Mukaddes Kitap topary ýygnanyşýar. Biz Mukaddes Kitaby okaýarys, aýdym aýdýarys we doga edýäris. Şol ýerde men žurnaldaky makalalary adamlara okap berip bilýärin. Köp sag boluň.– Kanada
Men žurnaly gaty gowy görýärinwe ony her aý almaga dowam etmek isleýärin. Meniň we bu türmedäki ýigitler üçin eden ähli zatlaryňyz üçin köp sag boluň. Men siziň üçin Hudaýa şükür edýärin. Biziň üçin doga ediň.– ABŞ
Siziň žurnalyňyz adamlaryň durmuşyna, esasanam meniň durmuşymahakykatdan-da täsir etdi. Men siziň dürli makalalaryňyz, meselem, «Türmeden sapaklar» we «Satylan, ýöne iberilen» (Few. ’19) bilen bereketlendim. Hudaý Isa Mesihiň ady bilen sizi baýlaşdyrmaga we üpjün etmäge dowam etsin.– Nigeriýa
Men žurnaly Mukaddes Kitap sapaklarywe wagyz etmek üçin köplenç ulanýaryn. Men Mukaddes Ruhdan ylham alyp ýazýan ýazyjylara salam aýdýaryn. Men olaryň yhlasy we ýazgylary üçin minnetdar we her hepde olar üçin doga edýärin.– Hindistan