Tapgyr– Maý 2016 –Merhemet we Hakykat Žurnaly
Käbir Amaly Görkezmeler
ALDAWweÝALAN
Aldaw we ýalan dil bilen baglanyşykly günälerdir – hiç bir adamyň terbiýeläp bilmeýän tertipsiz agzasy. Bu günäler hakykatyň Hudaýy tarapyndan gaýta-gaýta berk ýazgarylýar (Kol. 3:9; 1 Pet. 3:10; Sül. tym. 24:28, 12:22). Petrus Rebbimiz Isanyň durmuşyny bize nusga hökmünde görkezeninde, Onuň agzynda hiç hili aldawyň tapylmandygyny nygtap, ýagny güýçli bir şekilde belläp geçdi (1 Pet. 2:22). Şonuň üçin, aldawçylar, görnüşinden, Mesihe hiç meňzemeýärler.
Gorkudan Ýalan Sözlemek
Biz Gelip çykyş 18:15-de Saranyň gorkudan ýalan sözleýändigini görýäris. Biz, hristianlar hökmünde, nädogry bir zat edendimiz ýa-da aýdandymyz üçin näçe gezek utanýarys we bu ýagdaý ýalan sözlemäge sebäp bolýar? Ýa-da dogry bir zat bilen baglanyşykly bolup, hatda Mesihden utanýan bolmagymyz mümkinmi? Her iki ýagdaýda-da, biz bilmänkäk, dodaklarymyzdan ýalan çykýar. Munuň düýpli bejergisi diňe dogry zady etmäge we oňa ynanmaga, ondan utanmazdan ýönekeýje ýerine ýetirmäge esaslanýar.
Eger günä eden bolsaňyz, başga bir günä edip ony artdyrmaň. Ýalan dodaklaryňyzdan çykjak bolanda, “Hudaý meni eşidýär” diýen pikir ony derrew saklasyn. Siz we men iň kiçijik zatlarda-da ýalan sözlemekden berk gaça durmaly we dilimizi hiç haçan aldawa bermeli däl.
Öz Bähbidimiz Üçin Ýalan Sözlemek
Gelip çykyş 27:19-da, Ýakup öz bähbidi üçin ýalan sözläninde, bu günäniň başga bir utançly görnüşini görýäris. Ýakup Hudaýyň çagasydy, ýöne ömrüniň indiki otuz ýylynda günäsiniň netijelerinden ejir çekdi – bu bilen ol hiç zat gazanmady, sebäbi Hudaý oňa ähli zady öz wagtynda bererdi. Okyjylarymyň arasynda bu günäniň pidasy bolan barmy – baýamak, öz ýagdaýyny gowulandyrmak ýa-da Hudaýdan öňe geçmek üçin howlukýan barmy? Olar hiç haçan öz bähbitleri üçin ýalan sözledilermi? Eger şeýle bolsa, men olaryň şondan bäri ejir çekendiklerine ynanýaryn.
Şol ýalan Hudaýa we adama boýun edilýänçä hakyky dikeldiş bolup bilmez. Ýakubyň ýagdaýynda bolşy ýaly, käwagt bir ýalan başga bir ýalana eltýär. Bu ölüm howply ýola düşensoň, soňunyň näme boljakdygyny kim aýdyp biler? Eý söýgüli okyjy, men senden haýyş edýärin, hiç haçan, hiç haçan öz bähbidiň üçin ýalan sözlemäge ýol berme. Bir pursat Isanyň ähli bolan we eden zatlarynyň nähili elhenç inkär edilendigini oýlan.
Günäni Ýaşyrmak Üçin Ýalan Sözlemek
Birnäçe mysaly geçip, Dawuda gelýäris. Ol iň gorkunç häsiýetli ýalan (1 Şam. 21:2) we aldaw (2 Şam. 11) günäsine ýol berip, elhenç bir günäni ýaşyrmaga synanyşdy. Eý, näçe gezek öňki bir günä aldaw we ýalançylygyň uzyn ýolunyň sebäbi bolýar. Söýgüli dostlar, ähli zatdan öň, Hudaý bilen, ýoldaşlarymyz bilen we özümiz bilen dogruçyl bolmaga çalyşalyň. Eger bir günä düşsek, hiç haçan, hiç haçan ony başga bir günä bilen ýaşyrmaga çalyşmaň. Aldaw ýoly jany guraýar, ähli sadalygy, şatlygy we gatnaşygy ýok edýär. Dawudyň ýagdaýynda bu günäleriň netijesi, öz çagalarynyň elinden çeken, agyrlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ejirler bilen doly bir durmuş boldy. Dawudy göz öňüne tutup, Hudaýyň ähli zady görýän gözünden gaçyp biljekdigimizi bir pursat hem oýlamaň.
Endikden Ýalan Sözlemek
1 Patyşalar 13:18-de Hudaýyň bir pygamberiniň hiç hili sebäpsiz iň haýasyz şekilde ýalan sözleýändigini okaýarys. Hatda häzir hem Hudaýyň halkynyň arasynda hakykaty ähmiýetsiz hasaplaýan we ýalan sözlemegi ondan gaça durmakdan aňsat tapýan käbir adamlary görýäris. Kesel şeýle ösen wagtynda ýeke-täk çäre, göni Hudaýa baryp, ony ýeňmek üçin güýç we oýanyklyk üçin her gün Oňa aglamakdyr.
Bir wagtlar men hemişe diýen ýaly dymýan bir adamy gördüm we bir gün ondan sebäbini soradym. Ol ýalan sözlemäge şeýle bir endik edendigini, indi hakykaty aýdyp bilmese, hiç zat aýtmazlyga karar berendigini aýtdy. Şonuň üçin ol seýrek dodaklaryny açýardy we sözlemezden öň hemişe gowy oýlanýardy. Düýpli kök uran günäler käbir düýpli çäreleri talap edip biler.
Iki Agyr Ýagdaý
Täze Ähtde iki ýagdaý, biri ýalançylyk, beýlekisi aldaw bilen baglanyşykly, aýratyn tapawutlanýar: Petrus we Ananiýas. Petrus, Reb tarapyndan duýdurylyp, ýöne öz güýjüne bil baglap, özüni halas etmek üçin üç ýalan sözledi – hatda Halasgäri, Ol aýyplaýjylarynyň öňünde dymyp durka, inkär etdi (Luka 22:54-62).
Gynansak-da, şeýle günäler häzir hem mälimdir. Köpümiz imanlydygymyzy görkezmekden utanýarys we birden garaşylmadyk sorag berleninde, gorkudan ýa-da utançdan, Şeýtanyň ýeňşine we Rebbimiziň gynanjyna ýalan sözleýäris. Munuň garşysyna yhlas bilen serediň we eger tora düşseňiz, dikeldiş ýolunda Petrusyň yzyndan geliň. Ýykylan adamyň ýewreýlere şol bir günäni görkezmäge ukyply bolmagy üçin şeýle kämil dikeldilmegi geň galdyryjydyr (Res. iş. 3:14). Gyzykly ýeri, Petrus Hudaý tarapyndan Ananiýasyň aýylganç aldawyna garşy Öz adalatyny ýerine ýetiriji hökmünde saýlanyldy.
Ananiýasyň aldawy haýasyzdy – bu ýol diňe başgalara öz jomartlygy barada ýalan täsir galdyrmak we durmuşda öz bolşundan başgaça görünmek üçin saýlanyldy (5:1-11). Hudaýyň gözünde däl-de, ýoldaşlarymyzyň gözünde hormatlanmak isläp, käwagt biz şeýle aldawçy hereketlere düşmekden çekinmeýäris. Biz mynasyp bolmadyk adamlardan öwgü gazanmaga çalyşýarys. Elbetde, şeýle ýol her bir dogruçyl ýürek tarapyndan ýazgarylmak üçin diňe adynyň tutulmagyny talap edýär.
Mesih Ýaly Boluň
Bu makaladaky mysallar Hudaýyň çagalarynyň durmuşyndan saýlanyldy. Biz olara ünsli seretsek gowy ederis, sebäbi olar hristianlaryň arasynda aldaw we ýalançylygyň esasy sebäpleriniň aýdyň mysallarydyr. Ýalanlar dodaklary ulanmazdan aýdylyp bilner: Biz aldaw üçin hereket edip bileris we nädogry zat aýtmadymyz üçin özümizi aklamaga çalyşyp bileris. Bu gymmatsyz bir hile we Hudaý tarapyndan bir pursat hem makullanmaz. Ol şeýle ýalan gaçybatalgalarynyň ählisini süpürip aýyrar.
Onuň öňünde bagtly bolmagyň we Mesih ýaly bolmagyň ýeke-täk ýoly, söz ýa-da iş bilen, aldawyň her görnüşinden we şeklinden berk ýüz öwürmekdir. Biz ähli zadyň mutlak hakykat bolmagy üçin yhlas bilen çalyşmalydygymyzy, şeýlelik bilen utanç we gynanç ýaly ajy miweleri ýygnamakdan özümizi halas etmelidigimizi kesgitlemelidiris. Hudaý her birimiziň günä bilen synalanda, Öz güýjünde ony ýeňmegimize kömek etsin.
“Hakykatyň dodagy ebedi bolar, ýalançy dil bolsa bir pursatlykdyr” (Sül. tym. 12:19).
Alfred T. Şofild tarapyndan, (uýgunlaşdyrylan)
Bu Tapgyr tamamlanýar.