Käbir adamlar bu gün kim ýa-da nämä ybadat edýändiklerini bilmeýärler – ýöne olar muňa garamazdan edýärler. Beýlekiler kimlere ybadat edýändiklerini bilýärler, ýöne ybadat etmegiň nähili bolmalydygy barada köp pikirlenmeýärler. Soňra özlerini ýeke-täk «hakyky ybadat edijiler» hasaplaýanlar bar – olar özleriniň dogrudygyna ynanýarlar we beýlekileriň hemmesiniň ýalňyşdygyna ynanýarlar. Soňra bolsa galanlarymyz bar.
Biraz öň bir Mukaddes Kitap lagerinde bäş sany ýaş hristiandan – «galanlarymyzyň» kiçijik bir böleginden – şu soraglara jogap bermegi haýyş etdim: Kimlere ybadat edýärsiňiz? Nähili ybadat edýärsiňiz? Näçe wagtda bir ybadat edýärsiňiz? Ybadat näme? Olar «kim» soragyna aňsatlyk bilen jogap berdiler: Hudaý; Reb; Isa; Ata; Halasgär. Olaryň «nähili» soragyna beren jogaplary has dürli-dürli boldy: Ybadathana gitmek bilen; Ol barada pikirlenmek bilen; Öwgüli aýdym-saz diňlemek bilen; Mukaddes Kitaby okamak bilen; Wagyz diňlemek bilen. «Näçe wagtda bir» soragy şu jogaplary getirdi: Hepdelik; Her gün; Hemişe; Hudaýy ýatlaýan her gezek; Ybadathana gidenimde. «Ybadat näme?» soragyna berlen jogaplar gowy çekişmelere sebäp boldy: Ýekşenbe güni irden edýän işimiz; Söýgi we öwgü; Hudaýyň kimdigini we näme edendigini ýatlamak; Hudaýyň bizden isleýän zady; Ybadatyň nämedigini hakykatdanam bilemok.
Eger siz ybadat barada ähli zady bilýändigiňize ynanýan bolsaňyz, ýokardaky soraglary we jogaplary gaty gyzyksyz tapansyňyz.




