Hoş Habar– Ýanwar 2011 –Merhemet we Hakykat Žurnaly
BU TÄZE ÝYL
Näme üçin Hudaýa-da ynanmaly däl?
Durmuş duýduryşlara doly:demir ýol geçelgesindäki çyralaryň ýanmagy, golaýlap gelýän otlynyň gykylygy we «Öňde ýiti burç», «Howply ýokary wolt» we «Girmek gadagan» ýaly duýduryş belgileri. Polisiýanyň sirenini eşidenimizde, derrew ýoldan aýrylýarys. Ýöne Hudaý bize «geljek gazapdan gaçyň» (Matta 3:7NIV ) diýip duýduran mahaly, biz parhsyz bolýarys. Hudaýyň duýduryşy beýlekilerden has möhüm dälmi?
Eger çüýşedäkiduýduryş ýazgysynda «Zäher» diýilse, biz onuň içindäkiler bilen seresap bolýarys. Eger saglyk edaralary suwuň hapalanandygyny aýtsalar, biz ony içmegi bes edýäris. Ýöne Hudaý bize «günäniň hakynyň ölüm» (Rimliler 6:23) diýýän mahaly, biz günä etmegi dowam etdirýäris.
Eger suratkeş«Çygly boýag» diýen duýduryş belgisini goýsa, biz degmeýäris. Eger «Girmek gadagan» belgisini görsek, biz uzakda durýarys. Ýöne Hudaý bize «günä eden jan ... öler» (Ezekiýel 18:20) diýýän mahaly, biz günä etmegi dowam etdirýäris.
Eger lukmanbir adamyň ýokanç keseli bar diýse, biz uzakda durýarys. Eger sport çäresi bilet talap etse, biz ony satyn alýarys. Ýöne Isa «Hiç kim täzeden dogulmasa, Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez» (Ýahýa 3:3) diýýän mahaly, biz Onuň Sözüni äsgermezlik edýäris.
Eger belgide«Mugt nusga» diýilse, biz birini alýarys. Ýöne Mukaddes Kitapda «Hudaýyň sowgady bolsa, Rebbiňiz Isa Mesihde ebedi ýaşaýyşdyr» (Rimliler 6:23) diýilse, biz «Häzir däl» diýip jogap berýäris, hatda oňa gaty mätäç bolsak-da. Şonuň üçin köp adamlar ebedi ýitýärler!
«Biz adamyň şaýatlygyny kabul edýäris,ýöne Hudaýyň şaýatlygy has uludyr ... Ine, şaýatlyk: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, we bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr. Ogly bolan adamyň ýaşaýşy bar; Hudaýyň Ogly bolmadyk adamyň ýaşaýşy ýokdur» (1 Ýahýa 5:9-12). Biz adamlaryň duýduryşlaryna jogap berýäris. Näme üçin Hudaýyňkyna däl?Biz size has köp zat aýdyp bileris.
Hoş habar kitapçasy hökmünde elýeterliMerhemet we Hakykatdan.