Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň nazarynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bolsa bir gün ýalydyr. Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.
2 Petrus 3:8–9
«Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl,
siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl».
Muny Reb aýdýandyr.
«Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa,
Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan,
Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir.
Ýagşyň, garyň göklerden inip,
ýeri suwaryp, ony önümli,
hasylly edip, ekene tohum,
çörek iýýäne çörek berýänçä,
yzyna dolanmaýşy dek,
Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar;
Ol Maňa boş gaýdyp gelmez,
maksadymy ýerine ýetirer,
etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.
Işaýa 55:8–11
Çünki Hudaý hemmelere merhemet etmek üçin, hemmeleri bitabynlygyň tussagy etdi.
Hudaýyň baýlygy, danalygy we bilimi ummasyzdyr! Onuň hökümlerini kim düşündirip biler? Onuň ýollaryna kim akyl ýetirip biler?
Rimliler 11:32–33