Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.
Aýanlyk 1:17
Gündelik Ýagtylyk

Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.
Aýanlyk 1:17
Siziň ýakynlaşan dagyňyz elläp görüp bolýan Sinaý dagy ýaly däldir. Sinaý dagynda alawly ot ýanýardy, dagyň üstüni tümlük, gara bulut örtüp, gaý-harasat turýardy,
Ýewreýler 12:18
Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz. Hudaýyň perzentleriniň ýygnagyna golaýlaşdyňyz, olaryň atlary gökde ýazylandyr. Hemmäniň Kazysy bolan Hudaýyň huzuryna geldiňiz. Hudaýyň owal-başdan kämillige ýetiren adamlarynyň öňüne geldiňiz. Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.
Ýewreýler 12:22–24
Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.
Ýewreýler 12:2
Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär. Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.
Ýewreýler 4:15–16
Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.
Işaýa 44:6
Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.
Işaýa 9:6
Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.
Habakuk 1:12
Çünki Rebden başga Hudaý ýok! Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!
2 Şamuwel 22:32
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 apr 2024
2 Petrus 3:8–9
2 apr 2024
1 Ýohanna 5:21
1 apr 2024
Galatýalylar 5:22
31 mart 2024
Filipililer 4:19
30 mart 2024
Gelip çykyş 24:63
29 mart 2024
Matta 25:34
28 mart 2024
Ýeşuwa 1:18

Isa Mesih
Dawut patyşalyk güýjüni ele almak üçin uzak wagt garaşmaly boldy. Bu babatda ol Mesih üçin bir nusgadyr, Ol…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Maşgala
Maşgala gapma-garşylyklaryny çözmek üçin Mukaddes Kitap usullaryny öwreniň, hormat goýmagy, baha bermegi we…
Umut
Hudaýyň üýtgewsiz wadalarynyň ruhuňyz üçin ynamly we durnukly lengeri nädip üpjün edýändigini, durmuşyň…