Çünki Atanyň ýaşaýyş berip bilşi ýaly, Ol Ogla-da ýaşaýyş bermek ygtyýaryny berdi.
Ýohanna 5:26
Gündelik Ýagtylyk

Çünki Atanyň ýaşaýyş berip bilşi ýaly, Ol Ogla-da ýaşaýyş bermek ygtyýaryny berdi.
Ýohanna 5:26
şindi Halasgärimiz Isa Mesihiň gelmegi bilen aýan edildi. Ol ölümi ýok edip, Hoş Habar arkaly baky ýaşaýşy we ölmezligi aýan etdi.
2 Timoteos 1:10
Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar.
Ýohanna 11:25
Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.
Ýohanna 14:19
Biz owal-başdaky ynamymyzy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen şärikdeş bolýarys.
Ýewreýler 3:14
4-Kim öň bir gezek Hudaýdan nurlanyp, gögüň peşgeşini alandan soňam, şeýle hem Mukaddes Ruha şärik bolup, Hudaýyň Hoş Habarynyň ýagşylygyny dadyp, geljekki döwrüň gudratyny görenden soňam, Hudaýdan ýüz öwrüp, ýoldan çyksa, ony täzeden toba getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ol adam Hudaýyň Ogluny gaýtadan haça çüýläp, ile ryswa edýändir.
Ýewreýler 6:4
Hudaý bize juda gymmatly beýik wadalary berdi. Ol bu wadalar arkaly siziň bu dünýädäki erbet höweslerden döreýän azgynçylykdan gaça durup, Özüniň tebigatyna şärik bolmagyňyzy niýet etdi.
2 Petrus 1:4
Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam – Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy.
1 Korintoslylar 15:45
Gulak goýuň, size bir syry aýan edeýin: biz ölmeris, ýöne hemmämiz özgerdileris. Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris.
1 Korintoslylar 15:51–52
Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar. Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde,
Aýanlyk 4:8–9
15-Hudaý beýik we ýeke-täk Hökümdardyr, Ol şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysy, ölmezligiň ýeke-täk Eýesidir. Ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýan nurda ýaşaýar, Ony hiç bir ynsan görmedi, görüp-de bilmez. Ol Isa Mesihi Öz bellän wagtynda iberer. Hormat we gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn.
1 Timoteos 6:15–16
Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.
1 Timoteos 1:17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
17 maý 2024
Ezekiýel 20:19
16 maý 2024
Rimliler 1:1
15 maý 2024
Aýanlyk 21:4
14 maý 2024
Filipililer 3:10
13 maý 2024
1 Timoteos 2:8
12 maý 2024
1 Ýohanna 4:7
11 maý 2024
1 Korintoslylar 15:34

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ölümden Soňky Durmuş
Pawlusyň 2 Korinfliler 12-däki görnüşiniň yşygynda ölüme ýakyn tejribeler baradaky talaplary derňäň. Hakykaty…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Ygtybarlylyk
Resul Pawlusyň azaplaryny, asman görnüşini we ony kiçigöwünli saklan 'bedendäki tikeni' öwreniň. Hudaýyň…

Ölümden Soňky Durmuş
Pawlusyň 2 Korinfliler 12-däki görnüşiniň yşygynda ölüme ýakyn tejribeler baradaky talaplary derňäň. Hakykaty…
Adam Öldürmek
1 Ýahýa 3:15-iň näme üçin hiç bir ganhor ebedi ýaşaýşa eýe däldigini öwreniň, Dawut we Musa ýaly Köne Äht…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…