Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.
Efesliler 4:30
Gündelik Ýagtylyk

Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.
Efesliler 4:30
Eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň we Mukaddes Ruhuň söýgüsiniň hatyrasyna ýalbarýaryn: meniň üçin Hudaýa doga-dileg etmek bilen, meniň göreşime goşulyň.
Rimliler 15:30
Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.
Ýohanna 14:26
Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi. Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.
Işaýa 63:9–10
Hudaý biziň bilen we biziň hem Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.
1 Ýohanna 4:13
Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz. Hudaýa degişli adamlar doly azat bolýança, Mukaddes Ruh biziň mirasymyzyň kepilnamasydyr. Bularyň bary Hudaýa şan-şöhrat getirýär.
Efesliler 1:13–14
Size şuny aýdasym gelýär: Mukaddes Ruhuň ýörelgesinden ýöräň. Şonda siz ynsan höweslerine eýermersiňiz. Çünki ynsan höwesleri Mukaddes Ruha garşydyr; Mukaddes Ruh hem ynsan höweslerine garşydyr. Olar biri-biri bilen hiç oňuşmaýarlar. Şonuň üçin-de, siz öz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňiz.
Galatýalylar 5:16–17
Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär.
Rimliler 8:26
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
23 maý 2024
Müsürden çykyş 28:12
22 maý 2024
Ýohanna 14:27
21 maý 2024
Efesliler 6:10
20 maý 2024
1 Timoteos 4:16
19 maý 2024
Zebur 51:2
18 maý 2024
Ýohanna 5:26
17 maý 2024
Ezekiýel 20:19

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Jynsy arassalyk
Hudaýyň jynsy gatnaşyklara bolan garaýşyny, onuň nika içindäki gözelligini we ahlaksyzlygyň howplaryny…
Azaşan ogul
Bu makala Dawudyň gaýdyp gelmegini, ony azaşan oglunyň syýahatyna we günäniň netijelerine deňeşdirip öwrenýär.
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Akyl Saglygy
Köp Mesihçiler depressiýa düşenlerinde öz imanlaryna şübhelenýärler. Imanly hökmünde depressiýa garşy…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…

Jynsy arassalyk
Hudaýyň jynsy gatnaşyklara bolan garaýşyny, onuň nika içindäki gözelligini we ahlaksyzlygyň howplaryny…

Azaşan ogul
Bu makala Dawudyň gaýdyp gelmegini, ony azaşan oglunyň syýahatyna we günäniň netijelerine deňeşdirip öwrenýär.
Günä
Bir söhbetdeşlik tekepbirlik we özümçillik ýaly içki duşmanlary ýüze çykarýar. Hudaýyň Mesihiň gurbany arkaly…