Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we
Ýewreýler 2:14
Gündelik Ýagtylyk

Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we
Ýewreýler 2:14
şindi Halasgärimiz Isa Mesihiň gelmegi bilen aýan edildi. Ol ölümi ýok edip, Hoş Habar arkaly baky ýaşaýşy we ölmezligi aýan etdi.
2 Timoteos 1:10
Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.
Işaýa 25:8
Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar. «Eý, ölüm, hany seniň ýeňşiň? Eý, ölüm, hany seniň zäherli neşderiň?» Günä – bu ölümiň zäherli neşderidir. Kanun bolsa günäniň güýç-kuwwatydyr. Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.
1 Korintoslylar 15:54-57
sebäbi Hudaý bizi gorkak etmeýär. Ol bizi güýç, söýgi we özerklilik bilen doldurýar.
2 Timoteos 1:7
Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.
Zebur 23:4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
10 awg 2024
John 17:15
9 awg 2024
Song of Solomon 4:7
8 awg 2024
Proverbs 4:18
7 awg 2024
John 14:26
6 awg 2024
Proverbs 3:12
5 awg 2024
Romans 6:4
4 awg 2024
John 19:30

Halasgärlik
Isanyň dogluşynyň çuňňur maksadyny açyň: günä, ölüm we dowzah bilen söweşmek. Ol Hudaýyň hökümini haçda öz…

Ysraýyl
Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…

Hudaýyň Kuwwaty
Hudaýyň adaty däl söweş usullaryny we Onuň güýjüniň, hatda garaşylmadyk ýaraglar bilen hem, ýeňşi nädip…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…

Aýallar Gullukda
Mesihçi aýallar dünýäniň maslahatyna däl-de, Hudaýyň niýetine we maksadyna laýyk ýaşamaga çagyrylýar.

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…