Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr.
Süleýmanyň pähimleri 3:13
Gündelik Ýagtylyk

Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr.
Süleýmanyň pähimleri 3:13
Çünki meni tapan ýaşaýşy tapar we Rebbiň razylygyny gazanar.
Süleýmanyň pähimleri 8:35
Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin. Öwünýän diňe Maňa düşünýänligi we tanaýanlygy bilen öwünsin, ýer ýüzünde sadyk söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men – Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn. Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 9:23-24
Danalygyň başlangyjy Rebden gorkmakdyr. Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr.
Süleýmanyň pähimleri 9:10
Emma öň bähbitli saýan zatlarymy indi Mesihiň hatyrasyna biderek saýýaryn. 8-9 Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.
Filipililer 3:7-8
Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir.
Kolosiýalylar 2:3
Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir. Paýhas mendirin, güýç-kuwwat hem mendedir.
Süleýmanyň pähimleri 8:14
Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.
1 Korintoslylar 1:30
Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.
Süleýmanyň pähimleri 11:30
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
19 sen 2024
1 Peter 5:10
18 sen 2024
Psalms 119:18
17 sen 2024
Matthew 12:20
16 sen 2024
Proverbs 21:2
15 sen 2024
Romans 6:14-15
14 sen 2024
Isaiah 51:12
13 sen 2024
John 7:37

Alada
Hudaýyň alada we gorky ýeňmek üçin ýedi ädimli dikeldiş meýilnamasyny açyň. Her bir ýagdaýda parahatçylyk…
Rehim
Köp adamlar Hudaý gapyny kakanda bir zat talap edýär öýdüp ýalňyşýarlar. Hudaýyň merhemetiniň bergini däl-de…
Günä
Mesihçiler günä edende, olaryň Hudaý bilen gatnaşygy howpsuz, ýöne agzybirlik bozulýar. Ykrar etmek we…
Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Ruhy Ösüş
Hudaýy tanamakda ösmegiň çuňňur ähmiýetini açyň. Onuň sözi we şahsy tejribe arkaly düşünjäňizi çuňlaşdyrmagy…

Alada
Hudaýyň alada we gorky ýeňmek üçin ýedi ädimli dikeldiş meýilnamasyny açyň. Her bir ýagdaýda parahatçylyk…

Rehim
Köp adamlar Hudaý gapyny kakanda bir zat talap edýär öýdüp ýalňyşýarlar. Hudaýyň merhemetiniň bergini däl-de…

Günä
Mesihçiler günä edende, olaryň Hudaý bilen gatnaşygy howpsuz, ýöne agzybirlik bozulýar. Ykrar etmek we…

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Iman
Imansyz Hudaýy razy etmek mümkin däl. Bu makala imansyzlygyň näme üçin günädigini düşündirýär we Hudaýyň…