Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.
Rimliler 8:28
Gündelik Ýagtylyk

Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.
Rimliler 8:28
Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
Zebur 76:10
Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi.
Gelip çykyş 50:20
Şunlukda, kimdir birine degişlidigiňiz babatda öwünmäň! Çünki hemme zat siziňkidir: Pawlus-da, Apollo-da, Petrus-da, dünýä-de, ýaşaýyş-da, ölüm-de, şu wagt we gelejek-de – hemme zat siziňkidir. Siz Mesihiňkisiňiz, Mesih bolsa Hudaýyňkydyr.
1 Korintoslylar 3:21-23
Bularyň bary siziň üçin edilýär. Şeýdip Hudaýyň merhemeti köpden-köp adamlara ýetip, olaryň şükürlerini artdyrar we Hudaýyň şöhratyny has-da beýgelder. Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir. Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.
2 Korintoslylar 4:15-17
Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň. Sebäbi imanyňyzyň synalmagy bilen çydamlylygyňyzyň artýandygyny bilýänsiňiz. Her bir işde ahyryna çenli çydaň, şonda kemsiz-köstsüz, berk we kämil bolarsyňyz.
Ýakup 1:2-4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
20 sen 2024
Proverbs 3:13
19 sen 2024
1 Peter 5:10
18 sen 2024
Psalms 119:18
17 sen 2024
Matthew 12:20
16 sen 2024
Proverbs 21:2
15 sen 2024
Romans 6:14-15
14 sen 2024
Isaiah 51:12

Hudaýyň hökümdarlygy
Durmuş synaglarynda Hudaýyň hökümdarlygyny we merhemetini açyň. Onuň barlygyny ykrar etmegi, Oňa garaşmagy we…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…
Jynsy arassalyk
Hudaýyň jynsy gatnaşyklara bolan garaýşyny, onuň nika içindäki gözelligini we ahlaksyzlygyň howplaryny…
Wagyz etmek
Mesih üçin ilçi bolmagyň näme aňladýandygyny öwreniň. Gökdäki derejäňiz, wezipäňiz we bu dünýäde Hudaýa…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…

Hudaýyň hökümdarlygy
Durmuş synaglarynda Hudaýyň hökümdarlygyny we merhemetini açyň. Onuň barlygyny ykrar etmegi, Oňa garaşmagy we…

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…
Ygtybarlylyk
Resul Pawlusyň azaplaryny, asman görnüşini we ony kiçigöwünli saklan 'bedendäki tikeni' öwreniň. Hudaýyň…