Umyt bar

Göz aýla

  • Kitaplar
  • Makalalar
  • Senenamalar
  • Sözlük

Habarlaşmak

  • Barada
  • Habarlaşmak

Ädim ät

  • Hudaýy bilmek
  • Injili okaň

Şu günki okumany e-poçta bilen alyň

© 2026 Umyt bar. Mugt hristian kitaphanasy. Köp makalalar gaýtadan çap edildi; rugsatlar çeşmä görä üýtgeýär.

Umyt bar
  • Makalalar
  • Senenamalar
  • Sözlük
Hudaýy tanamakGiriş
Umyt bar
Umyt bar
Senenamalar

25 oktýabr 2024 anna

Gündelik Ýagtylyk

25 okt 2024

Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.

Matta 28:20

Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men hem ony söýerin we Özümi oňa aýan ederin». Şonda Iskariýot däl-de, beýleki Ýudas Isadan: «Eý, Agam, näme üçin Sen Özüňi dünýä däl-de, bize aýan etmek isleýärsiň?» diýip sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys.

Ýohanna 14:21-23

Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn. Goý, Hudaýyň çäksiz merhemeti, parahatlygy we söýgüsi size ýar bolsun! Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim. Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr. Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady. Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar. Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular. Muňa garamazdan, araňyza sümlüp giren bu adamlar gören düýşlerine daýanyp, öz bedenlerini haramlaýarlar. Hudaýyň hökmürowanlygyny ret edýärler, gökdäki perişdelere sögýärler. Emma hatda baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekeleşende, iblise garşy sögmäge milt etmedi. Gaýtam, diňe: «Seni Rebbiň Özi ýazgarsyn!» diýdi. Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär. Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar. Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler. Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar. Adam atadan soňra ýedinji nesil bolan Hanok hem bu adamlar hakda şeýle pygamberlik edipdir: «Ine, Reb san-sajaksyz, müňlerçe perişdeleri bilen gelýär. Ol ähli adamzada kazylyk eder, günä eden hudaýsyzlary höküm eder. Hudaýsyzlaryň ýaramaz etmişlerini we Oňa garşy küpür gepländikleri üçin olary jezalandyrar». Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler. Siz bolsa, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňden aýdanlaryny ýadyňyzda saklaň. Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler. Bular siziň araňyza bölünişik salyp, öz ynsan düşünjelerine görä ýaşaýan adamlardyr we Mukaddes Ruhdan mahrumdyrlar. Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň. Rebbimiz Isa Mesih Öz rehimdarlygy arkaly sizi baky ýaşaýşa gowşurýança, Hudaýyň söýgüsi bilen ýaşamagy dowam etdiriň. Şübhelenýän adamlara rehim-şepagatly boluň. Başgalary gelejekki jeza odundan halas ediň. Käbirlerine bolsa, Hudaýdan gorkmak bilen rehim ediň, ýöne hüşgär boluň, olaryň durmuşyny harama öwren günäni ýigreniň. Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr. Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn. 1 Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn. 2 Goý, Hudaýyň çäksiz merhemeti, parahatlygy we söýgüsi size ýar bolsun! 3 Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim. 4 Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr. 5 Bu zatlaryň ählisini ozal bilýän hem bolsaňyz, muny size ýatlatmakçy bolýaryn: Reb ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi, emma soňra iman etmedik adamlary ýok edip taşlady. 6 Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar. 7 Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular. 8 Muňa garamazdan, araňyza sümlüp giren bu adamlar gören düýşlerine daýanyp, öz bedenlerini haramlaýarlar. Hudaýyň hökmürowanlygyny ret edýärler, gökdäki perişdelere sögýärler. 9 Emma hatda baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekeleşende, iblise garşy sögmäge milt etmedi. Gaýtam, diňe: «Seni Rebbiň Özi ýazgarsyn!» diýdi. 10 Emma bu düýş görýän adamlar düşünmeýän zatlaryna sögýärler. Olar edil haýwanlar ýaly, öz ugruna hereket edip, islän zatlaryny edýärler, bu zatlar hem olary heläk edýär. 11 Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar. 12 Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler. 13 Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar. 14 Adam atadan soňra ýedinji nesil bolan Hanok hem bu adamlar hakda şeýle pygamberlik edipdir: «Ine, Reb san-sajaksyz, müňlerçe perişdeleri bilen gelýär. 15 Ol ähli adamzada kazylyk eder, günä eden hudaýsyzlary höküm eder. Hudaýsyzlaryň ýaramaz etmişlerini we Oňa garşy küpür gepländikleri üçin olary jezalandyrar». 16 Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler. 17 Siz bolsa, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňden aýdanlaryny ýadyňyzda saklaň. 18 Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler. 19 Bular siziň araňyza bölünişik salyp, öz ynsan düşünjelerine görä ýaşaýan adamlardyr we Mukaddes Ruhdan mahrumdyrlar. 20 Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň. 21 Rebbimiz Isa Mesih Öz rehimdarlygy arkaly sizi baky ýaşaýşa gowşurýança, Hudaýyň söýgüsi bilen ýaşamagy dowam etdiriň. 22 Şübhelenýän adamlara rehim-şepagatly boluň. 23 Başgalary gelejekki jeza odundan halas ediň. Käbirlerine bolsa, Hudaýdan gorkmak bilen rehim ediň, ýöne hüşgär boluň, olaryň durmuşyny harama öwren günäni ýigreniň. 24 Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr. 25 Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.

Ýahuda 24–25

Emeli intellekt bilen terjime edilen, Mukaddes Kitap sitatalary hem şol sanda — islendik salgylamany açyp, Mukaddes Kitap terjimesinde okaň.

Eliňizdäki Mukaddes Kitap her bir adam üçin iň wajyp kitapdyr! Bu kitap arkaly adamzat öz Ýaradyjysy Hudaýy tanap, Onuň biz üçin niýetlän ajaýyp maksadyny öwrener we iman edip, baky ýaşaýşa eýe bolar.

Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).

ÖňkiIndiki
Okamak opsiýalary

Makala şrift ölçegi

Soňky günler

  • 24 okt 2024

    Jonah 2:4 · Isaiah 49:14-15

    Jonah 2:4

  • 23 okt 2024

    Luke 12:15 · Psalms 37:16

    Luke 12:15

  • 22 okt 2024

    Psalms 108:1 · Psalms 27:1

    Psalms 108:1

  • 21 okt 2024

    John 1:16 · Matthew 17:5

    John 1:16

  • 20 okt 2024

    Romans 7:22 · Psalms 119:97

    Romans 7:22

  • 19 okt 2024

    Proverbs 3:26 · Psalms 76:10

    Proverbs 3:26

  • 18 okt 2024

    John 19:34 · Exodus 24:8

    John 19:34

Baglanyşykly makalalar

  • Mukaddes Kitaby Öwrenmek

    Kitaby ýitirme: Hudaýyň Sözüni we Onuň Güýjüni täzeden aç

    Hudaýyň Sözüni we onuň güýjüni täzeden açyň. Patyşa Ýoşiýanyň ýitirilen Kanun kitabyny tapmak mysalyndan…

    9 few 2026
  • Isa Mesih

    Isa ölenden soň we direlişinden öň nirede bolupdy?

    Isanyň ruhunyň öleninden soň we direlişinden öň nirede bolandygyny öwreniň. Mukaddes Kitapda Onuň dowzahda…

    4 sen 2024
  • Iman

    Mesih Biziň Ähli Zat üçin Ýeterlik Çeşmämiz we Güýjümiz

    Mesih imanlynyň hemişelik çeşmesi we güýjüdir, olara ähli kynçylyklary ýeňmäge mümkinçilik berýär.

    31 ýan 2026
  • Parabollar

    Isa pygamberiň bugdaý we haşal otlar hakyndaky mysalyny düşündirmek

    Isa pygamberiň Matta 13-däki bugdaý we haşal otlar hakyndaky mysalyny öwreniň. Onuň manysyny, taryhy…

    10 ýan 2022·Tom Summerhill

Aýallar Gullukda

Mesihçi aýallar: Hudaýyň niýetine laýyk ýaşaýyş

Mesihçi aýallar dünýäniň maslahatyna däl-de, Hudaýyň niýetine we maksadyna laýyk ýaşamaga çagyrylýar.

22 maý 2026·Pat Stuart

Hudaýyň rehimi

Hudaýyň Rehimine we Merhemetine Elýeterlilik: Etmeli Zadyňyz Diňe Soramak

Hudaýyň rehimi we merhemeti her bir kynçylykda bolan imanly üçin nähili elýeterlidigini öwreniň. Ähli…

9 ýan 2022·B. D. F. Pullen

Mukaddes Kitaby Öwrenmek

Kitaby ýitirme: Hudaýyň Sözüni we Onuň Güýjüni täzeden aç

Hudaýyň Sözüni we onuň güýjüni täzeden açyň. Patyşa Ýoşiýanyň ýitirilen Kanun kitabyny tapmak mysalyndan…

9 few 2026
  • Aýallar Gullukda

    Mesihçi aýallar: Hudaýyň niýetine laýyk ýaşaýyş

    Mesihçi aýallar dünýäniň maslahatyna däl-de, Hudaýyň niýetine we maksadyna laýyk ýaşamaga çagyrylýar.

    22 maý 2026·Pat Stuart
  • Hudaýyň rehimi

    Hudaýyň Rehimine we Merhemetine Elýeterlilik: Etmeli Zadyňyz Diňe Soramak

    Hudaýyň rehimi we merhemeti her bir kynçylykda bolan imanly üçin nähili elýeterlidigini öwreniň. Ähli…

    9 ýan 2022·B. D. F. Pullen
  • Isa Mesih

    Isa ölenden soň we direlişinden öň nirede bolupdy?

    Isanyň ruhunyň öleninden soň we direlişinden öň nirede bolandygyny öwreniň. Mukaddes Kitapda Onuň dowzahda…

    4 sen 2024
  • Iman

    Mesih Biziň Ähli Zat üçin Ýeterlik Çeşmämiz we Güýjümiz

    Mesih imanlynyň hemişelik çeşmesi we güýjüdir, olara ähli kynçylyklary ýeňmäge mümkinçilik berýär.

    31 ýan 2026
  • Parabollar

    Isa pygamberiň bugdaý we haşal otlar hakyndaky mysalyny düşündirmek

    Isa pygamberiň Matta 13-däki bugdaý we haşal otlar hakyndaky mysalyny öwreniň. Onuň manysyny, taryhy…

    10 ýan 2022·Tom Summerhill