Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şobada ondan gan bilen suw çogduryldy.
Ýohanna 19:34
Gündelik Ýagtylyk

Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şobada ondan gan bilen suw çogduryldy.
Ýohanna 19:34
Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.
Müsürden çykyş 24:8
Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr.
Lewiler 17:11
Sebäbi öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleri ýuwmak mümkin däldir.
Ýewreýler 10:4
Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.
Mark 14:24
Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy.
Ýewreýler 9:12
Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.
Kolosiýalylar 1:20
Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz. Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz. Mesih dünýä ýaradylmazdan öň bellenen hem bolsa, siziň hatyraňyza bu döwrüň ahyrynda aýan boldy.
1 Petrus 1:18-20
Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.
Ezekiýel 36:25
Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.
Ýewreýler 10:22
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
17 okt 2024
Psalms 89:16
16 okt 2024
Romans 12:11
15 okt 2024
Psalms 59:9
14 okt 2024
Romans 14:9
13 okt 2024
Daniel 10:12
12 okt 2024
2 Corinthians 5:19
11 okt 2024
Psalms 22:11

Arassalanmak
Fiziki ýuwunmak mysalynda, bu makala Isa Mesih arkaly günäden ruhy arassalanmagyň zerurlygyny düşündirýär.
Ählumumylyk
Ähli adamyň halas boljakdygyna ynanmak ýalan taglymatdyr. Mukaddes Kitap dowzahy ebedi azap we Hudaýdan ebedi…
Halasgärlik
Mesihiň ganynyň günäleri bagyşlamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin näme üçin möhümdigini öwreniň. Hudaýyň halas…
Umut
Hudaýyň üýtgewsiz wadalarynyň ruhuňyz üçin ynamly we durnukly lengeri nädip üpjün edýändigini, durmuşyň…
Halasgärlik
Hudaýyň Guzusynyň ähli zerurlyklar üçin ýeterlik bolan çuňňur täsirini öwreniň. Guzynyň bir oglanjykdan…

Arassalanmak
Fiziki ýuwunmak mysalynda, bu makala Isa Mesih arkaly günäden ruhy arassalanmagyň zerurlygyny düşündirýär.
Töleg
Bir ýewreý adam adaty ýehudy dininden Isa Mesihiň gany arkaly hakyky günä geçişi tapmak üçin eden syýahatyny…

Ählumumylyk
Ähli adamyň halas boljakdygyna ynanmak ýalan taglymatdyr. Mukaddes Kitap dowzahy ebedi azap we Hudaýdan ebedi…

Halasgärlik
Mesihiň ganynyň günäleri bagyşlamak we ebedi ýaşaýşy almak üçin näme üçin möhümdigini öwreniň. Hudaýyň halas…