Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.
1 Korintoslylar 1:9
Gündelik Ýagtylyk

Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.
1 Korintoslylar 1:9
Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr.
Ýewreýler 10:23
Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.
2 Korintoslylar 6:16
Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.
1 Ýohanna 1:3
Tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň. Onuň şöhraty aýan bolanda, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.
1 Petrus 4:13
17-Isa Mesih imanyňyz arkaly ýürekleriňizde ýaşasyn. Şeýle-de, men söýginiň sizde kök urup ornaşmagyny, Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna Hudaýyň ähli halky bilen birlikde düşünmegiňizi Hudaýdan dileýärin. Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.
Efesliler 3:17-19
Isanyň Hudaýyň Ogludygyny ykrar edýän her bir adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.
1 Ýohanna 4:15
Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr. Hudaýyň biziň bilen ýaşaýandygyny Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.
1 Ýohanna 3:24
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
14 noý 2024
Psalms 40:17
13 noý 2024
Ephesians 5:25-26
12 noý 2024
2 Corinthians 7:10
11 noý 2024
Psalms 78:53
10 noý 2024
Colossians 1:10
9 noý 2024
Psalms 89:19
8 noý 2024
1 Thessalonians 5:8

Ruhy Ösüş
Mesihçiniň durmuşy üçin ýedi möhüm 'gämini' açyň: gatnaşyk, dostluk, sežde, dostluk, stipendiýa, dolandyryş…
Ruhy özgeriş
Sözler güýçlüdir, milletlere, jemgyýetlere we adamlara gowy ýa-da erbet täsir edýär. Ýüreklerimiz dilimizi…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…
Wagyz etmek
Mesih üçin ilçi bolmagyň näme aňladýandygyny öwreniň. Gökdäki derejäňiz, wezipäňiz we bu dünýäde Hudaýa…
Ysraýyl
Ysraýyl bilen Kilise arasyndaky Injil tapawudyny öwreniň. Ysraýyl üçin Köne Äht pygamberlikleri harplar…
Wagyz etmek
Häzirki zaman Günbatar medeniýetlerinde netijeli hoş habary öwreniň, Tesalonikileriň mysalyndan sapak alyň.