Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?
Nagmalar 6:10
Gündelik Ýagtylyk

Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?
Nagmalar 6:10
Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.
Resul 20:28
25-Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi. Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi.
Efesliler 5:25-27
Asmanda täsin bir alamat: Güne beslenen bir aýal peýda boldy. Onuň aýaklarynyň astynda ýaňy dogan Aý, başynda on iki ýyldyzly täji bardy.
Aýanlyk 12:1
Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur: Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir.
Aýanlyk 19:7-8
Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,
Rimliler 3:22
Maňa beren şöhratyňy olara berdim. Biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun.
Ýohanna 17:22
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
25 apr 2025
Matthew 1:21
24 apr 2025
Genesis 21:1
23 apr 2025
Psalms 18:18
22 apr 2025
Leviticus 1:3-4
21 apr 2025
Philippians 4:1
20 apr 2025
Deuteronomy 13:17
19 apr 2025
John 10:7

Söýgi
Köne Ähtden söýginiň üç görnüşini öwreniň: atanyň gurbanlyk söýgüsi, äriniň wepalylygy we özüňi söýmegiň…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Maşgala
Maşgala gapma-garşylyklaryny çözmek üçin Mukaddes Kitap usullaryny öwreniň, hormat goýmagy, baha bermegi we…
Hudaýyň islegi
Ysraýyllaryň syýahatyndan we Rimliler 12-den sapak alyp, Hudaýyň islegini bilmek üçin amaly gollanmany…
Nika
Bir erkek aýalyny çagasyzlyk sebäpli aýrylyşyp bilermi? Hudaýyň nika, aýrylyşmak we çagalar baradaky Injil…
Ikinji Geliş
Mesih bilen gaýdyp gelýän 'mukaddesleriň' kimdigini açyň, ybadathanany Köne Ähtden we beýleki mukaddeslerden…