Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan Ogluna iman edýärmiň?» diýdi. Ol hem Oňa: «Aga, aýtsana, Ol kimkä? Men Oňa iman edeýin» diýip jogap berdi.
Ýohanna 9:35-36
Gündelik Ýagtylyk

Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan Ogluna iman edýärmiň?» diýdi. Ol hem Oňa: «Aga, aýtsana, Ol kimkä? Men Oňa iman edeýin» diýip jogap berdi.
Ýohanna 9:35-36
Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.
Ýewreýler 1:3
15-Hudaý beýik we ýeke-täk Hökümdardyr, Ol şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysy, ölmezligiň ýeke-täk Eýesidir. Ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýan nurda ýaşaýar, Ony hiç bir ynsan görmedi, görüp-de bilmez. Ol Isa Mesihi Öz bellän wagtynda iberer. Hormat we gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn.
1 Timoteos 6:15-16
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».
Aýanlyk 1:8
Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi.
Ýohanna 9:38
Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.
2 Timoteos 1:12
Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, saýlama we gymmatbaha burç daşyny goýýaryn. Oňa bil baglan asla utandyrylmaz». Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy».
1 Petrus 2:6-7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
12 iýun 2025
Numbers 31:23
11 iýun 2025
Luke 15:20
10 iýun 2025
Luke 15:13
9 iýun 2025
John 7:46
8 iýun 2025
Genesis 39:3
7 iýun 2025
Luke 18:1
6 iýun 2025
Zephaniah 3:17

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…
Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Mesihdäki şahsyýet
Köp hristianlar özlerini Hudaýyň görşi ýaly görmäge kynçylyk çekýärler. Mesihde öz hakyky şahsyýetiňizi we…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Maşgala
Maşgalaňyz üçin berk ruhy binýat gurmagy nädip öwrenmelidigini öwreniň. Bu gollanma Mesih merkezli öý üçin üç…

Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh bilen doldurylmagyň Injildäki manysyny öwreniň, ony ýaşaýyş, suwda çokundyrylmak we ruhy…

Iman
Durmuş ýaryşdyr, ýöne ýeňiş dünýewi üstünlikde däldir. Ebedi baýragyňyzy gazanmak üçin Süleýmanyň…
Günä
Dawudyň kejirligi ony rugsat berilmedik ilat ýazuwyny geçirmäge, Hudaýyň sözüni we akylly maslahaty…

Mesihdäki şahsyýet
Köp hristianlar özlerini Hudaýyň görşi ýaly görmäge kynçylyk çekýärler. Mesihde öz hakyky şahsyýetiňizi we…