Bu gije Rebbiň ysraýyllara nazar salyp, olary Müsürden alyp çykan gijesidir. Şonuň üçin hem hut şu gije ähli ysraýyllaryň we olaryň nesilleriniň dik oturyp, muny Rebbe bagyş edýän gijesidir.
Müsürden çykyş 12:42
Gündelik Ýagtylyk

Bu gije Rebbiň ysraýyllara nazar salyp, olary Müsürden alyp çykan gijesidir. Şonuň üçin hem hut şu gije ähli ysraýyllaryň we olaryň nesilleriniň dik oturyp, muny Rebbe bagyş edýän gijesidir.
Müsürden çykyş 12:42
Çünki men Rebden alan taglymatymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüne haýynlyk edilen gijesi eline çörek alyp, şükür etdi. Soňra çöregi bölüp: «Bu siz üçin berilýän bedenimdir. Muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi. Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.
1 Korintoslylar 11:23-25
Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp:
Luka 22:41
Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy.
Luka 22:44
Pesah baýramyna taýýarlyk günüdi. Günortana golaý Pilat ýahudylara ýüzlenip: «Ine, siziň Patyşaňyz!» diýdi.
Ýohanna 19:14
Ahyry Pilat Isany haça çüýlemek üçin, Ony esgerleriň eline tabşyrdy. Esgerler Isany alyp gitdiler. Isa haçyny Özi göterip, Kelleçanak diýilýän ýere geldi. Bu ýeriň arameýçe ady Golgotady. Ol ýerde Isany we Onuň bilen bile ýene iki adamy haça çüýlediler: olaryň biri – Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady, Isa bolsa ortadady.
Ýohanna 19:16-18
Petirlik hamyr bolup bileriňiz ýaly, köne hamyrmaýany aýryp taşlaň. Aslynda şol petirlik hamyr sizsiňiz! Çünki biziň Pesah janlymyz – Isa Mesih eýýäm gurban edilendir. Şoňa görä, baýramy köne hamyrmaýa: gahar-gazap we pislik bilen bellemäliň. Tersine, ony petir hamyry: päk ýüreklilik we hakykat bilen belläliň.
1 Korintoslylar 5:7-8
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
25 iýun 2025
1 John 3:2
24 iýun 2025
Numbers 10:33
23 iýun 2025
John 14:16-17
22 iýun 2025
Colossians 3:3
21 iýun 2025
1 Peter 2:21
20 iýun 2025
Exodus 2:9
19 iýun 2025
Hebrews 12:14

Goýandyk
Günäge dolanma. Ysraýylyň çöl ýolagalygy boýun bolmazlygyň we imansyzlygyň ýokary bahasyny görkezýär. Hakyky…
Pyghamçylyk
Yzaýylň iki geljekki ybadathanasy baradaky Injil pygamberliklerini öwreniň: Azap Ybadathanasy we Müňýyllyk…
Gurbanlar
Bu goşgy iman edenleri Mesihiň bizi halas etmek üçin haçdaky çuňňur gurbanlygyny we ejirlerini ýatlamaga…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…
Rebbi nahary
Rebiň agşamlyk nahary iman edenlere Mesihiň ölüminiň, direlişiniň we söýgüsiniň Pasga esasy temalaryny…
Rebbi nahary
Bu makala 1 Korinfliler 10:14-22-ni düşündirýär, Rebbiň saçagyna we onuň mesihçi doganlygy üçin ähmiýetine…

Goýandyk
Günäge dolanma. Ysraýylyň çöl ýolagalygy boýun bolmazlygyň we imansyzlygyň ýokary bahasyny görkezýär. Hakyky…

Pyghamçylyk
Yzaýylň iki geljekki ybadathanasy baradaky Injil pygamberliklerini öwreniň: Azap Ybadathanasy we Müňýyllyk…