Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.
1 Petrus 5:6
Gündelik Ýagtylyk
Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.
1 Petrus 5:6
Ähli tekepbir Rebbe ýigrenjidir. Hatyrjem bol, olar jezasyz galmaz.
Süleýmanyň pähimleri 16:5
Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz. Gaty gaharlanma, hemişelik ýatlama ýazygy, ýa Reb, ählimiz Seniň halkyňdyrys, muny nazara al!
Işaýa 64:8-9
Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim: „Men baş öwredilmedik öküz ýalydym. Sen maňa terbiýe berdiň, men sapak aldym. Meni dogry ýola sal, ýola geleýin, çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň. Ýolumy urduramdan soň puşman eýledim, akylyma aýlananymda dyzyma urdum. Ýaşlygymda eden aýyp işlerimden ýaňa utandym hem ile ryswa boldum“.
Ýermeýa 31:18-19
Adama boýuntyrygy ýaşlykdan götermek gowudyr.
Ýermeýanyň agysy 3:27
Çünki muşakgatlyk toprakdan çykmaz, hasrat-da ýerde bitmez. Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek, ynsan hasrat üçin dogulýar.
Eýýup 5:6-7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 sen 2025
Deuteronomy 32:4
25 sen 2025
James 1:4
24 sen 2025
Psalms 73:28
23 sen 2025
Ezra 9:9
22 sen 2025
Psalms 104:34
21 sen 2025
Romans 8:28
20 sen 2025
Proverbs 3:13