Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy.
Müsürden çykyş 34:29
Gündelik Ýagtylyk
Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy.
Müsürden çykyş 34:29
«Ejirlerim juda köp» diýip gürledim, ýöne şonda-da men iman etdim.
Zebur 115:1
Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, nan berdik? Haçan teşne görüp, suw berdik?
Matta 25:37
Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.
Filipililer 2:3
Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».
1 Petrus 5:5
Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.
Matta 17:2
Ýokary mejlisde oturanlar Stefana dikanlap seretdiler we onuň ýüzüniň edil perişdäniň ýüzüne meňzeýändigini gördüler.
Resul 6:15
Maňa beren şöhratyňy olara berdim. Biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun.
Ýohanna 17:22
Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.
2 Korintoslylar 3:18
Siz dünýäniň yşygysyňyz. Depede gurlan şäheri gizläp bolmaz. Çyrany ýakyp, gabyň aşagynda goýýan däldirler. Ony çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir.
Matta 5:14-15
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
3 okt 2025
Revelation 1:5
2 okt 2025
Leviticus 16:22
1 okt 2025
Galatians 5:22-23
30 sen 2025
Job 23:10
29 sen 2025
1 John 3:16
28 sen 2025
Numbers 6:27
27 sen 2025
1 Peter 5:6