Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da,
Rimliler 7:22
Gündelik Ýagtylyk
Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da,
Rimliler 7:22
How I love your law! It is my meditation all day.
Psalms 119:97
Seniň sözleriňi tapyp iýdim. Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi. Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym, eý, Reb Hökmürowan Hudaý!
Ýermeýa 15:16
Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
Nagmalar 2:3
Beren tabşyryklaryndan dönmedim, sözlerini kalbymda arzylap sakladym.
Eýýup 23:12
Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.
Zebur 40:8
Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.
Ýohanna 4:34
Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.
Zebur 19:8
Ýa Reb! Patyşany halas et, çagyran wagtymyzda bize jogap ber.
Zebur 19:10
Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz. Kim sözi diňläp, ony berjaý etmeýän bolsa, ol aýnada ýüzüni görýän adam ýalydyr.
Ýakup 1:22-23
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
19 okt 2025
Proverbs 3:26
18 okt 2025
John 19:34
17 okt 2025
Psalms 89:16
16 okt 2025
Romans 12:11
15 okt 2025
Psalms 59:9
14 okt 2025
Romans 14:9
13 okt 2025
Daniel 10:12