Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz.
Matta 7:20
Gündelik Ýagtylyk
Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz.
Matta 7:20
Eziz balalarym! Hiç kime özüňizi aldatmaň! Mesihiň dogruçyl bolşy ýaly, dogry iş edýän adam hem dogruçyldyr.
1 Ýohanna 3:7
Heý-de, bir bulagyň gözbaşyndan hem ajy, hem süýji suw akarmy? Doganlarym, injir agajy zeýtun ýa-da üzüm agajy injir miwesini berermi? Ýok! Edil şonuň ýaly, şor suwly gözbaşdan süýji suw akmaz! Araňyzda dana hem parasatly adam barmy? Eger bar bolsa, goý, ol muny dogry durmuşy we danalykdan çykýan pespälligi bilen bitiren oňat işlerinde görkezsin.
Ýakup 3:11-13
Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.
1 Petrus 2:12
Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr.
Matta 12:33
Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr.
Matta 12:35
Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men? Edilmän galdyrylan iş barmy? Hasylyna garaşanymda, näme üçin ýabany üzüm berdi?
Işaýa 5:4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
18 noý 2025
Isaiah 27:8
17 noý 2025
Psalms 92:5
16 noý 2025
John 17:17
15 noý 2025
1 Corinthians 1:9
14 noý 2025
Psalms 40:17
13 noý 2025
Ephesians 5:25-26
12 noý 2025
2 Corinthians 7:10