Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela
Zebur 65:4
Gündelik Ýagtylyk
Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela
Zebur 65:4
Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber.
Zebur 27:4
Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.
Matta 5:6
Açlary näz-nygmatdan doýrup, baýlary bolsa boş gaýtardy.
Luka 1:53
Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.
Zebur 107:9
Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla ajykmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz.
Ýohanna 6:35
Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma. Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter. Çünki kesilip taşlanar pislik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar.
Zebur 36:7-9
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
28 noý 2025
James 2:26
27 noý 2025
John 17:22
26 noý 2025
Isaiah 62:4
25 noý 2025
Romans 6:18
24 noý 2025
Luke 8:21
23 noý 2025
Proverbs 1:33
22 noý 2025
Jude 20