Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.
Işaýa 38:17
Gündelik Ýagtylyk
Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.
Işaýa 38:17
Bize Hudaýyň söýgüsi, ine, şundan aýan boldy: Hudaý bize ýaşaýyş bermek üçin, Özüniň ýeke-täk Ogluny dünýä iberip, Öz söýgüsini aýan etdi. Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.
1 Ýohanna 4:9-10
Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär. Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.
Mika 7:18-19
Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni. Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.
Zebur 30:2-3
Indim daglaryň düýbüne. Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm. Ýöne, eý, Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.
Ýunus 2:7
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Ejizlere rehimli garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder.
Zebur 40:1-2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
16 ýan 2026
Colossians 1:19
15 ýan 2026
Psalms 119:25
14 ýan 2026
John 14:28
13 ýan 2026
Isaiah 26:3
12 ýan 2026
Jude 25
11 ýan 2026
Psalms 65:1
10 ýan 2026
1 Thessalonians 5:23