Size „Men gidip barýaryn, emma ýanyňyza gaýdyp gelerin“ diýenimi eşitdiňiz ahyryn. Eger siz Meni çyndan söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýändigime şatlanardyňyz. Çünki Ata Menden beýikdir.
Ýohanna 14:28
Gündelik Ýagtylyk
Size „Men gidip barýaryn, emma ýanyňyza gaýdyp gelerin“ diýenimi eşitdiňiz ahyryn. Eger siz Meni çyndan söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýändigime şatlanardyňyz. Çünki Ata Menden beýikdir.
Ýohanna 14:28
Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle diýiň: «Eý, Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin!
Luka 11:2
Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.
Ýohanna 20:17
Emma dünýä Meniň Atany söýýändigimi, Atanyň Özüme näme buýran bolsa, şony berjaý edýändigimi bilmelidir. Hany, turuň, bu ýerden gideliň».
Ýohanna 14:31
Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Size aýdýan sözlerimi Men Öz-Özümden aýtmaýaryn. Tersine, Mende ýaşaýan Atam Men arkaly Öz işlerini edýär.
Ýohanna 14:10
Ata Ogly söýýär we Ol hemme zady Onuň eline tabşyrandyr.
Ýohanna 3:35
Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin.
Ýohanna 17:2
Filip Oňa: «Agam, Atany bize görkez, bize şol ýeterlik» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, Filip, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez“ diýmäň näme? Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Size aýdýan sözlerimi Men Öz-Özümden aýtmaýaryn. Tersine, Mende ýaşaýan Atam Men arkaly Öz işlerini edýär.
Ýohanna 14:8-10
Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi.
Ýohanna 10:30
Atamyň Meni söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm. Meniň söýgimde galyň. Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.
Ýohanna 15:9-10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
13 ýan 2026
Isaiah 26:3
12 ýan 2026
Jude 25
11 ýan 2026
Psalms 65:1
10 ýan 2026
1 Thessalonians 5:23
9 ýan 2026
Psalms 60:4
8 ýan 2026
Psalms 9:10
7 ýan 2026
Nehemiah 5:19