Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.)
Ýohanna 20:16
Gündelik Ýagtylyk
Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.)
Ýohanna 20:16
Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
Işaýa 43:1
Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr. Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler.
Ýohanna 10:3-4
Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym, diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.
Işaýa 49:16
Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.
2 Timoteos 2:19
Şeýlelikde, ykrar eden imanymyzy berk saklalyň! Çünki biziň göge çykyp, Hudaýyň huzuryna baran beýik Baş Ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr.
Ýewreýler 4:14
Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz.
Müsürden çykyş 28:9
Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin.
Müsürden çykyş 28:12
Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tik.
Müsürden çykyş 28:15
Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş dak. Birinji hatarda goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary;
Müsürden çykyş 28:17
Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn.
Müsürden çykyş 28:21
Höküm gursakçada Urymy we Tummymy goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer.
Müsürden çykyş 28:30
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
19 maý 2026
Psalms 51:2
18 maý 2026
John 5:26
17 maý 2026
Ezekiel 20:19
16 maý 2026
Romans 1:1
15 maý 2026
Revelation 21:4
14 maý 2026
Philippians 3:10
13 maý 2026
1 Timothy 2:8