Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.
1 Korintoslylar 1:9
Gündelik Ýagtylyk
Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.
1 Korintoslylar 1:9
Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.
Matta 1:21
ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy, Özüni peseltdi. Şoňa görä Hudaý Ony juda beýgeltdi: Oňa ähli atdan üstün bir ady berdi. Göklerdäki, ýerdäki, ýer astyndaky her kes Isanyň ady agzalanda dyz eper,
Filipililer 2:8-10
Aýal Oňa: «Men Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.)
Ýohanna 4:25
Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.
Işaýa 61:1
Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi.
Ýohanna 20:28
Siz Maňa „Mugallym“, „Aga“ diýip, dogry aýdýarsyňyz, sebäbi Men Şolduryn. Eger Men siziň Agaňyz we Mugallymyňyz bolubam, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz. Meniň size edenimi, siz hem biri-biriňize edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim.
Ýohanna 13:13-15
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
20 maý 2026
1 Timothy 4:16
19 maý 2026
Psalms 51:2
18 maý 2026
John 5:26
17 maý 2026
Ezekiel 20:19
16 maý 2026
Romans 1:1
15 maý 2026
Revelation 21:4
14 maý 2026
Philippians 3:10