Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.
Kolosiýalylar 3:13
Gündelik Ýagtylyk
Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.
Kolosiýalylar 3:13
«Bir adam iki adama karz pul beripdir: birine – bäş ýüz kümüş teňňe, beýlekisine – elli kümüş teňňe. Bergisini bermäge hiç pullarynyň ýokdugy üçin, ol bularyň ikisiniň hem bergisini geçipdir. Munuň üçin olaryň haýsysy ony has köp söýer?»
Luka 7:41-42
Hojaýyny ony çagyryp: „Eý, ýaramaz gul! Maňa ýalbaranyň üçin, men seniň bergiňiň baryny geçdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?“ diýýär.
Matta 18:32-33
Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar».
Mark 11:25-26
Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň. Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.
Kolosiýalylar 3:12-13
Soňra Petrus Isanyň ýanyna gelip, Ondan: «Agam, doganym maňa garşy günä etse, ony näçe gezek bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?» diýip sorady. Isa oňa: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş gezek ýedi diýýärin» diýip jogap berdi.
Matta 18:21-22
Bularyň hemmesiniň üstesine-de kämil birligi baglanyşdyrýan söýgä besleniň.
Kolosiýalylar 3:14
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
9 iýun 2026
John 7:46
8 iýun 2026
Genesis 39:3
7 iýun 2026
Luke 18:1
6 iýun 2026
Zephaniah 3:17
5 iýun 2026
Luke 17:10
4 iýun 2026
Haggai 2:9
3 iýun 2026
Matthew 25:13