Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady.
1 Korintoslylar 1:28
Gündelik Ýagtylyk
Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady.
1 Korintoslylar 1:28
Hemmeler haýran galdylar we geňirgenişip, biri-birlerine şeýle diýdiler: «Serediň, bu gepleýänleriň hemmesi jelileli dälmi näme?
Resul 2:7
Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar. Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.
Matta 4:18-19
Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.
Resul 4:13
Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi. Bu siziň imanyňyzyň ynsan paýhasyna däl-de, Hudaýyň güýjüne daýanmagy üçindi.
1 Korintoslylar 2:4-5
Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.
Ýohanna 15:16
Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz.
Ýohanna 15:5
Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir.
2 Korintoslylar 4:7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
2 iýul 2026
Exodus 12:43
1 iýul 2026
Galatians 5:22
30 iýun 2026
Revelation 3:19
29 iýun 2026
1 John 5:3
28 iýun 2026
Job 19:25
27 iýun 2026
Revelation 6:17
26 iýun 2026
1 Chronicles 4:10