Isa olary goýup, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek dileg etdi.
Matta 26:44
Gündelik Ýagtylyk
Isa olary goýup, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek dileg etdi.
Matta 26:44
Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.
Ýewreýler 5:7
Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».
Hoşeýa 6:3
Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.
Rimliler 12:12
Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.
Efesliler 6:18
Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň. Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir.
Filipililer 4:6-7
Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.
Matta 26:39
Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris.
1 Ýohanna 5:14
Gaharyň zerarly tenimiň abat ýeri ýok, günäm zerarly bedenimde saglyk ýok. Çünki ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük deý maňa agramyn saldy.
Zebur 37:4-5
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
1 iýul 2026
Galatians 5:22
30 iýun 2026
Revelation 3:19
29 iýun 2026
1 John 5:3
28 iýun 2026
Job 19:25
27 iýun 2026
Revelation 6:17
26 iýun 2026
1 Chronicles 4:10
25 iýun 2026
1 John 3:2