Seret! Hudaýyň Guzusyna seret, Haçda! Haçda! Ol biziň üçin gymmatly ganyny dökdi, Haçda! Haçda!
Onuň giňden ýaýran gollaryna seret, Haçda! Haçda! Onuň ganly ellerine we gapdalyna seret, Haçda! Haçda!
Gaýalar ýarylýar, daglar sarsýar, Isa günäleri ýuwýarka, Isa biziň üçin ejir çekýärkä, Haçda! Haçda! — Jozef Hoskins
Ol biziň günälerimizi Öz bedeni bilen agaçda göterdi, şonuň üçin biz günälere ölüp, dogrulyk üçin ýaşarys; Onuň ýaralary bilen siz sagaldyňyz. (1 Petrus 2:24)






