«Şonuň üçin iýseňiz-de, içseňiz-de, näme etseňiz-de, ählisini Hudaýyň şöhraty üçin ediň» (1 Korintoslylar 10:31).«Iň kiçijik zatda wepaly bolan, köp zatda-da wepalydyr» (Luka 16:10).Rebbiň bir hyzmatkäri auditoriýanyň akustikasyny barlaýardy. Adaty «Bir, Iki; Bir, Iki» diýmek ýerine, ol: «Ine, dünýäniň günäsini aýyrýan Hudaýyň Guzusy» (Ýahýa 1:29) diýdi.
Göräýmäge, hiç kim diňlemeýärdi. Ol ýene-de baky sözleri aýtdy: «Ine, dünýäniň günäsini aýyrýan Hudaýyň Guzusy». Esasy gat boşdy, ýöne bir işçi balkonlaryň birinde bolup, şol sözleri eşitdi. Onuň habary ýüregine täsir etdi we ol günäleriň bagyşlanmagy we täze durmuş üçin Hudaýyň Guzusyna ýüzlendi.
Iň kiçijik zatlarda-da ruhlan!





