Hudaý hökümdardyr
Ýamanlygyň artýan akymyna garamazdan, Hudaýyň hökümdardygyny bilmek teselli berýär. Hiç zat Onuň niýetlerini puja çykarmaz. Patyşalyklar ýokary galýar we ýykylýar, ýöne Hudaý dowam edýär we Öz maksadyny Öz maslahatyna görä ýerine ýetirer. Ol hemişe hökümdar bolupdy we hemişe şeýle bolar. Eger Ol şeýle bolmagyny bes etse, Ol Hudaý bolmagyny bes ederdi. Onuň ady mübärek bolsun, sebäbi Ol “ähli zadyň üstünde, ebedi mübärek Hudaýdyr” (Rimliler 9:5 NKJV).
Mukaddes Ýazgylarda Onuň adamlar bilen hökümdarlyk ýollaryny görmek bellärliklidir. Resullaryň Işlerinde biz Onuň “akademiki dünýä” girip, şol beýik Ýewreý alymy – Tarsusly Saul bilen işleşendigini görýäris (Resullaryň Işleri 9). Biz Onuň “harby dünýä” girip, Rim ýüzbaşysy Korneliýanyň üstüne elini goýandygyny görýäris (Resullaryň Işleri 10). Biz Onuň “syýasy dünýä” girip, şa zenanynyň Efiopiýaly hazynaçysyny alandygyny görýäris (Resullaryň Işleri 8).
Emma Injillerde biz Hudaýyň beýik we güýçli adamlardan geçip, çörekler we balyklar bilen kiçijik oglanjygyň üstüne elini goýandygyny görýäris. Köne Ähtde bolsa, Onuň harby ýesiri – Naaman öýündäki kiçijik gyzy (2 Patyşalar 5) nähili ulanandygyny görýäris. Hawa, Ol hatda jelep Rahaby hem alýar (Ýeşuw 6).
Ynsan guramalary şowsuzlyga uçran wagty, Hudaý puja çykarylýarmy? Ýok! Ol “haýwanlar dünýäsine” girýär we Balaamyň eşegi arkaly gürleýär (Sanlar 22). Ol “ösümlikler dünýäsine” girýär, Harunyň taýagynyň güllemegine sebäp bolýar (Sanlar 17), we “minerallar dünýäsine” girýär, topragy bitlere öwürýär (Müsürden Çykyş 8).
Hudaýyň ýollary hakykatdan-da “tapyp bolmaýan” ýollar. Pawlusyň şeýle ýazmagy dogrydy: “Çünki Rebiň aklini kim bilipdir? Ýa-da kim Onuň maslahatçysy bolupdyr?” (Rimliler 11:33-34). Jogap hiç kim, sebäbi Hudaý Öz maslahatçysydyr.
Biziň etmeli zadymyz diňe Onuň sözüne we islegine boýun bolmak. Bu hakyky bereket ýoludyr. Biz Samueliň Saula beren tabşyrygyna gulak asmak bilen gowy iş edýäris: “Gulak asmak gurbandan, we üns bermek goçlaryň ýagyndan gowudyr” (1 Samuel 15:22). Reb bize Onuň sesini eşidýänçäk we Onuň ýüzüni görýänçäk şeýle etmäge merhemet bersin.






