“Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla we öz
- düşünjäňe bil baglama; ähli ýollaryňda Ony ykrar et,
- we Ol seniň ýollaryňy dogrular.” Süleýmanyň Tymsallary 3:5-6 IBT
Hudaýyň saýlan halkynyň Oňa bil baglamak üçin ähli sebäpleri bardy. Ol olary Müsürdäki gulçulykdan halas etdi. Ol olaryň müsürli yzarlaýjylaryny Gyzyl deňizde ýok etdi (Müsürden Çykyş 14:28). Ol çölde olaryň zerurlyklaryny asmandan çörek we bedene bilen üpjün etdi (Müsürden Çykyş 16:12-13), gaýadan suw (Müsürden Çykyş 17:6), we könelmeýän eşikler (Kanun Taglymaty 29:5). Ol olary Wada Edilen Ýere getirdi (Ýeşuw 5:6).
Ol Özüni halkyny söýýän we olara alada edýän Hudaý hökmünde gaýta-gaýta subut etdi, we Ol muňa derek diňe Özüne we başga hiç kime bil baglamagy sorady: “Menden başga hudaýlaryň bolmasyn. Özüň üçin but ýasama ... olara sežde etme ýa-da olara çokunma” (Müsürden Çykyş 20:3-5). We siz näme bolandygyny bilýärsiňiz: “Olar çalt ýüz öwürdiler ... we özlerine but ýasadylar; olar oňa sežde etdiler” (Müsürden Çykyş 32:8).
Şu gün Reb bize Oňa bil baglamak üçin ähli sebäpleri bermegini dowam etdirýär. Ol bizi söýýändigini şeýle görkezdi: “biz entek günäkärkäk, Ol biziň üçin öldi” (Rimliler 5:8). Ol biziň üçin alada edýändigini Atasyndan Öz adynyň güýji bilen bizi goramagy sorap subut etdi (Ýahýa 17:11-12). Ol bize Öz Mukaddes Ruhuny teselli beriji, ýolbelet we mugallym hökmünde berip, aramyzdaky barlygyny görkezdi (Ýahýa 14:26).
Siz Hudaýyň akyldarlygyna gulak asýarsyňyzmy Süleýmanyň Tymsallary 3:5-6-da beýan edilişi ýaly? Siz Onuň söýgüsini, aladasyny we barlygyny durmuşyňyzda başdan geçirýärsiňizmi? Siz her gün bir wagtlar ölüdigiňizi we indi Mesihde täze durmuşyňyz bardygyny şatlanýarsyňyzmy? Siz soňky döwürde asman bereketleriňizi (Efesliler 1:3) hasapladyňyzmy?






