Hudaýy nädip tanamaly
Biz Hudaý barada käbir faktlary – mysal üçin Onuň akyldarlygyny we güýjüni – ýaradylyşyň açyp görkezýän zatlaryndan bilip bileris. Emma Onuň barada dogry garaýşa eýe bolmagyň ýeke-täk ýoly Onuň Özüniň aýdanlaryny kabul etmekdir.
Biz Hudaýyň Özüni bize Onuň Sözi bolan Injiliň ýalňyşsyz habary arkaly açyp görkezmese, hiç haçan Hudaý barada hakyky bilime ýetip bilmeris.
Ýeke-täk Hudaý
Injil ýeke-täk Hudaýyň bardygyny açyk öwredýär. Köne we Täze Ähtlerde muny yglan edýän köp aýatlar bar:
- “Bil… we ýüregiňde oýlan, Reb Özüniň ýokarda gökde we aşakda ýerde Hudaýdyr; başga hiç kim ýokdur” (Kanun Taglymaty 4:39).
Täze Ähtde Markus şeýle yglan edýär,
“Çünki ýeke-täk Hudaý bar; we Ondan başga hiç kim ýokdur” (Markus 12:32).
Ýakup şeýle diýýär,
“Sen ýeke-täk Hudaýyň bardygyna ynanýarsyň. Sen gowy edýärsiň” (Ýakup 2:19).
We Pawlus şeýle ýazýar,
“Çünki ýeke-täk Hudaý we Hudaý bilen adamlar arasynda ýeke-täk araçy bar” (1 Timoteos 2:5).
Hudaýyň ýekeligi
Hudaýyň ýekeliginiň adamy çäklendirýän adamyň ýekeliginden örän tapawutlydygy aýdyňdyr. Adam bir wagtda iki ýerde bolup bilmez. Emma Hudaý bolup biler. Tebigatyň kanunlaryny ýaradan Hudaý, fizika ýa-da matematika kanunlaryna tabyn däldir.
Eger Hudaý bir wagtda gökdäki tagtynda we bu ýerde ýerde bolmak islese, bu Onuň üçin mümkin bolardymy? Elbetde bolardy! We Ol Mesihiň bu ýere geleninde hut şeýle etdi. Hudaý gökde we şol bir wagtda Isa Mesihiň şahsyýetinde ýerde hem bardy.
Isa kim?
Isany Hudaýyň Ogly diýip atlandyrmagy hristianlar karar etmedi. Bu Hudaýyň Özüdi.
Jebraýyl Hudaý tarapyndan Merýeme gyz wagtynda Isa dogurjakdygyny aýtmak üçin iberilende, Jebraýyl oňa şeýle diýdi:
“Ol beýik bolar we Iň Beýigiň Ogly diýlip atlandyrylar” (Luka 1:32).
We Isa suwa çümdürilenden soň, gökler açyldy we gökden bir ses şeýle diýdi:
“Bu Meniň söýgüli Oglumdyr, Meniň Ondan göwnüm hoşdur” (Matta 3:17).
Bu ogullyk, elbetde, ruhy gatnaşykdyr. Hiç kim Hudaýyň aýaly ýa-da söýgülisi bardyr diýip aklyna getirmeýär. Bu küfür bolar!
Nädip bilmeli
Mundan biz Isanyň ýönekeý bir adam däldigini görüp bileris. Injil bize şeýle diýýär:
“Onda Hudaýlygyň ähli dolulygy bedenli ýaşaýar” (Koloseliler 2:9).
Ol şeýle hem diýýär,
“Hudaý ten görnüşinde görkezildi” (1 Timoteos 3:16).
Isa bu ýere biziň üçin Adam hökmünde geldi.
Eziz dostum, sen Hudaýy tanamak isleýärsiňmi? Sen Ony diňe Onuň Sözi bolan Injil arkaly we Onuň Ogly bolan Isa Mesih arkaly tanap bilersiň.
—Rafik





