Hoş Habar–Noýabr 2016 –Merhemet we Hakykat Žurnaly
Ýerine ölüp...
Bütin Köne Ähtde,her bir gurban sypasy we gurbanlyk üçin öldürilen her bir haýwan Hudaýyň söýgüli Ogluna yşarat edýärdi; bir gün Ol ýere gelip, şol elhenç haçda ejir çekip öljekdigine.
Şol günlerde, Hudaýyň ýaşaýan ýerinden, çadyrdan daşarda, şeýle gürrüňi eşidip bilerdiňiz:
“Gurbanlyk üçin haýwan getireniňizi görýärin!” diýip, ruhany goýunly Ysraýylly adama aýtdy.
“Hawa, hökman etmelidigimi bilýärdim. Emma şol haýwan hökman ölmeli dälmi?”
“Elbetde, çünki ganyň dökülmegi bolmasa,bagyşlama mümkin däl” (Ýew. 9:22).
“Emma bu haýwan bigünä! Çagalarym ony gaty gowy görýärler. Bu goýun hiç hili ýalňyşlyk etmedi.”
“Mesele şonda.Günäkär adam başga bir günäkär adamyň ýerini hiç haçan tutup bilmez. Sen öz günäň bilen janyňy ýitirdiň. Indi sen ölmeli, ýa-da bigünä biri seniň ýeriňe ölmeli. Eliňi bu guzynyň kellesine goý; çünki şeýtmek bilen sen özüňi günäkär, guzyny bolsa bigünä hasaplaýarsyň. Hudaý bu hereketi seniň özüňi gurbanlyk guzyny bilen birleşdiren ýaly görýär. Seniň günäň guza geçirilýär. Guzy öleninde, sen öňki guzy ýaly azat we bigünä bolarsyň.”
Adam dym-dyrslykda elini guzynyň kellesine goýdy. Henizem birnäçe taýýarlyklar bardy... pyçak... soňra bolsa, guzynyň gany çölüň çäginde akdy. Bu elhenç görnüşdi. Şeýle-de bolsa, adam çuňňur dem alanda, gözlerini bir pursat asmana galdyryp, uly ýüküň egninden sypan ýaly duýdy. Guzy onuň ýerine öldi; “we oňa bagyşlanar” (Lew. 4:20KJV). “Eý, Hudaý, Saňa şükür edýärin.”
Seniň barada näme?
Sen hiç haçan haça şeýle pikirler bilen ýakynlaşdyňmy? Ol – Mukaddes, Bigünä – beýan edip bolmajak derejede ejir çekdi. Ol öldi. Bu Mesihiň orunbasar hökmünde çeken ejiridi. Emma Ol kim üçin öldi?
Hemme adamlar üçin däl. Müňlerçe adam haça biperwaý. Olar diňe ýa günäkärlikde, ýa-da gaty sypaýy ýaşaýyşda dowam edýärler, ýöne şonda-da, özleri üçin ölen Biri bolmazdan – ölýänçäler we ebedi ýitýänçäler. Beýlekiler haça seredip, haýran galyp we täsirlenipdirler, ýöne olar hiç haçan Hudaýa biziň hekaýamyzdaky Ysraýylly ýaly: günäkärler hökmünde gelmändirler.
Mesih ähli adamlar üçin öldikimler guzynyň – Hudaýyň Guzysynyň – üstüne elini goýan bolsa. Sen hem muny edip bilersiň. Sen muny elleriňi gowşuryp, haçda asylan Oňa ýuwaşlyk bilen aýdyp bilersiň: “Men günä etdim, men haça mynasyp. Isa Mesihi, Sen meniň ýerime öldüňmi?”
Soňra bolsa – soňra sen şol gowşurylan elleri asmana galdyryp aýdyp bilersiň: “Hudaý, Ata, Saňa şükür edýärin, Saňa ynanýaryn, Ogluňyň haçda bitiren işine ynanýaryn. Sag bol, Isa Mesihi.”
Şol pursatda, Hudaý Mesihiň gany arkaly ähli günäňi arassalady. Sen azat, ebedi azat!Biz saňa has köp zat aýdyp bileris.
Haçda men hemişe şöhratlanýaryn,
Kanun meni ýazgaryp bilermi? Hiç haçan!
Mesih meniň üçin gargyşa öwrüldi.
Mesih meniň üçin Golgotada öldi,
Men günäden we ölümden azat,
Mesih meniň üçin ýaşaýşy satyn aldy!
J. Rouw tarapyndan, “Altyn Öý” atly eserden uýgunlaşdyrylan,Believers Bookshelf Canada.