Jim Elliot missiýa meýdanyna gitjekdigini aýdandan soň, ene-atasyna aşakdaky sözleri ýazdy. Ol 1956-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Ekwadorda şehit boldy.
«Meniň Günorta Amerika gitjekdigim baradaky habara gynananyňyza geň galmaýaryn. Bu Reb Isanyň şägirtlerine patyşalyga we Oňa eýermäge şeýle bir aşyk bolmalydygyny, beýleki ähli wepalylyklaryň ýok ýaly bolmalydygyny aýdanda duýduran zatlaryndan başga zat däl. We Ol maşgala gatnaşygyny hiç haçan çykarmady. Aslynda, iň ýakyn hasaplaýan söýgilerimiziň, Onuň işini goldamak isleglerimiz bilen deňeşdirilende ýigrenç ýaly bolmalydygyny aýtdy. Şonuň üçin, ogullaryňyz sizi terk edýän ýaly görünse, gynanmaň, gaýtam, Hudaýyň isleginiň şatlyk bilen ýerine ýetirilýändigini görüp begeniň. Zeburçynyň çagalary nädip suratlandyrandygyny ýatlaň? Ol olaryň Rebden mirasdygyny, we ok torbasynyň doly bolan her bir adamyň bagtly bolmalydygyny aýtdy. Ok torbasy näme bilen doly, oklar bilen dälmi? Oklar näme üçin, atmak üçin dälmi? Şonuň üçin, doga-dilegleriň güýçli elleri bilen ýaýyň kirişini yza çekip, oklar uçursyn – hemmesini, duşmanyň goşunlaryna göni.»
«Oglanlaryňy şöhratly habary ýaýratmak üçin ber, Baýlygyňy olaryň ýoluny çaltlandyrmak üçin ber, Ruhuňy olar üçin ýeňişli doga-dilegde dök, We sarp eden ähli zadyňy Isa gaýtaryp berer.» J.El.





