Soňra Musa aýtdy ... “Bir top hisop alyň, ony gana batyryň ... we ganyň bir bölegini ... gapynyň çarçuwasyna çalýň ... Reb ýurtdan geçende ... Ol ýok edijiniň ... sizi urmagyna ýol bermez.” Müsürden Çykyş 12:22-23
Bir top hisopyň halas bolmak baradaky Hoş Habar bilen näme baglanyşygy bar?
Köp adamlar halas bolmagyň diňe iman arkaly bolýandygyny we diňe Isanyň ganynyň olary geljekki hökümetden halas edýändigini “bilýärler”. Ýöne diňe muny bilmek ýeterlik däl. Göçme manyda aýdylanda, eger olar öz ellerine “bir top hisop” almasalar, ony Guzynyň ganyna batyrmasalar we Rebbiň görkezmesi boýunça özlerini onuň nyşanynyň aşagyna goýmasalar, olar halas bolmazlar.
Hisop topary hereketi aňladýar. Musa Rebbiň gulçulykdan halas bolmak planlaryny yglan edendigini eşiden Ysraýylly, plany “bilmekden” başga zat etmeli boldy. Ol iman bilen hereket etmeli boldy. Şübhesiz, daşary çykyp, gapysynyň çarçuwasyny gan bilen boýamak kemsidiji boldy, ýöne ol muny etmeli boldy.
Ol şol top hisopy alyp, Rebbiň görkezmesi boýunça eden wagty, ol iman etmeýän, öz-özüne bil baglaýan, butparaz halkyň öňünde, ölüm höküminiň gelmeginden ýeke-täk goragynyň Hudaýyň Guzysynyň gany bilen özüni tanatmakdygyna ynanýandygyny yglan edýärdi – “dünýäniň günäsini aýyrýan Hudaýyň Guzysy” (Ýahýa 1:29).
Siz halas bolmak baradaky Hoş Habara ynanýarsyňyzmy?
Siz Guzynyň ganynyň nyşanynyň aşagynda howpsuzmy? Eger ýok bolsa, häzir şol top hisopy alyň: günäleriňizi Hudaýa ykrar ediň we Oňa Mesihiň gany bilen halas bolýandygyňyza ynanýandygyňyzy aýdyň. Hudaýyň geljekki ölüm hökümi gorkunç bolar, ýöne eger Ol siziň Halasgäriň ganyna ynam goýandygyňyzy görse, Ol sizi “urmaz”. Onuň Sözi şeýle diýýär, we Ol Öz Sözüne wepaly!






