Hoş Habar– Aprel 2011 –Merhemet we Hakykat Žurnaly
Öli däl –Emma diri!
Bükgüldiren telegramma stoluň üstünde ýatyrdy.Ikinji Jahan Urşy döwründe köp öýlere getiren gynançly habar: “Ýiten we ölen hasaplanýar” diýen ykbal sözleri. Sem we Dora üçin olar aýratyn agyrylydy, sebäbi Piter olaryň ýeke-täk oglydy. Uruş gutarmaga golaýdy, ýöne olar ony indi hiç haçan görmezdiler. Birnäçe aýdan soň olaryň gapysy kakylýar. Olar açanlarynda, Piter bardy, öli däl, diri! Nähili şatlyk gözýaşlary, gujaklaşmalar we ogşamalar!
Isa şägirtleri ilkinji Pasga ýekşenbesinde Sem we Dora ýaly duýan bolmaly. Olar bilen üç ýatda galyjy ýyl geçiren Isa diňe ölen hasaplanmandyr, eýsem hakykatdanam ölüpdir! Olar Onuň haçda ölenini görüpdiler. Onuň duşmanlary Onuň ölenine ynamly bolupdyrlar. Rim esgerlerinden biri “Isanyň gapdalyny naýza bilen deşdi, derrew gan we suw akdy” (Ýahýa 19:34NIV).
Ol Beýik Anna güni bolupdy.Indi Pasga ýekşenbesidi we şägirtler bilelikde ýygnanyşypdy, gynançly, geň galan we ýewreýleriň olary hem haça çykarjak bolmagyndan gorkupdylar. Soňra Isa gelip, olaryň duran ýeriniň ortasynda durdy. Ol ölüpdi, indi bolsa ýene diridi! Şübhe bolup bilmezdi. “Şägirtler Rebbi görenlerinde gaty şatlandylar” (Ýahýa 20:20).
Isanyň direlişi şägirtler üçin ähli zady üýtgetdi. Olar indi gorkmadylar. Parahatçylyk we şatlyk olaryň ýüreklerini doldurdy. Ol siziň durmuşyňyzy hem üýtgedip biler. Golgata haçynda Isa siziň günäleriňiz üçin töleg töledi. Onuň ölümi sebäpli, Hudaý şeýle wada berýär: “Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günälerden arassalaýar ... Eger biz günälerimizi boýun alsak, Ol wepaly we adalatlydyr we biziň günälerimizi bagyşlar we bizi ähli adalatsyzlyklardan arassalar” (1 Ýahýa 1:7-9).
Siz Isanyň ýanyna doga bilen ýüzlenip bilersiňizhäzir. Oňa günäleriňiz üçin ökünýändigiňizi aýdyň. Günäleriňiz üçin öleni üçin Oňa sag boluň. Ony Halasgär hökmünde kabul ediň. Soňra siz, şägirtler ýaly, Isanyň hakykatdanam diri digini taparsyňyz!Biz size has köp zat aýdyp bileris.
Jonatan Hjuz tarapyndan ALIVE! MAGAZINE, #226-dan. Rugsat bilen ulanyldy.