Iýul/Awgust 2016 —Grace & Truth žurnaly
Biziň ýük göterijimiz
Biz Rebbiň özüne ynanýarysgünälerimizi göteriji hökmünde we Onuň agyr ýükli ruhlarymyzdan günä ýüküni aýyrmakdaky güýjüni subut etdik, ýöne Onuň biziň ýük göterijimiz bolmagy üçin Oňa şonça-da ynanmagymyzy we Onuň güýjüni doly subut etmegimizi isleýändigini bilýärismi? Ýük götermek Onuň söýgüsiniň hemişe dowam edýän gullugydyr. Ol biziň ýükümiziň şeýle bir agyrlaşyp, onuň aşagyna ýykylmagymyza garaşmaýar; Ol her bir kiçijik agramyň aňymyzda ýygnanmagyny duýýar. Her gün başdan geçirýän kynçylyklarymyz we aladalarymyz Isanyň göterýän ýüküni emele getirýär. Ol biziň ejizligimizi bilýär we duýýar, çünki Ol “ejizliklerimiziň duýgusy bilen galtaşýar” (Ýew. 4:15KJV ). Şonuň üçin, ylahy rehimdarlygyň güýji bilen Ol biziň aladalarymyzyň agramyny Öz egnine almak üçin egilýär.
Ol her gün biziň ýükümizi göterýär,ýöne Ol biziň ýükümizi Öz üstüne atmagymyzy buýurýar (Zeb. 55:22). Näme üçin? Sebäbi, eger biz alada toparymyzy gujaklap ýöremegi dowam etsek, ýük göterijiniň ýanymyzda ýöremegi bilen ýagdaýymyz gowulaşmaýar. Emma, biz diňe agyr kynçylyk ýagdaýlarynda “ýükümizi Rebbiň üstüne atmakdan” seresap bolmaly. Biziň beýik Ýük göterijimiz bizi bulaşdyrýan, gaharlandyrýan ýa-da Onuň parahatlygyndan lezzet almagymyzy bozýan ähli kiçijik zatlary Öz üstüne atmagymyzy isleýär. Eger biz Rebbimiz Isany gündelik durmuşymyzyň ähli ýagtylyklaryna we kölegelerine garşylamak mümkinçiliginden peýdalansak, Onuň “her gün biziň ýükümizi göterýändigini” bagtlylyk bilen duýarys. Gözlerimiz Onuň köp söýgüsini we dogalarymyza beren jogaplaryny görmek üçin açylar, olary biz başga ýagdaýda görmezdik. Goý, Ol bizi bu şatlyga eltmäge rugsat bereliň.
“Rebbe şükürler bolsun, Ol her gün biziň ýükümizi göterýär” (Zeb. 68:19NASB).
J. M. G. tarapyndan (Öňki neşirinden uýgunlaşdyrylanReb ýakyn,Believer’s Bookshelf Canada.)