“Hapa” sözi “hudaýsyz ýa-da dünýäwi adam” diýip terjime edilip bilner. Dünýäwilik hudaýhonlygyň duşmanydyr. Biz hristianyň üç esasy duşmanynyň bardygyny bilýäris: dünýä, ten we şeýtan. Köplenç teniň Ruh bilen göreşýändigi (Galatýalylar 5:17), şeýtanyň bolsa Reb Isa Mesih bilen göni garşylykda durýandygy, we dünýä ulgamynyň Atanyň dogrulygyna garşy çykýandygy bellenilýär. Ýakup bize “dünýä bilen dostluk Hudaý bilen duşmanlykdyr” diýip ýatladýar we “kim dünýäniň dosty bolmak islese, özüni Hudaýyň duşmany edýär” (Ýakup 4:4) diýip dowam edýär. Ýaşuly resul Ýahýa şeýle goşardy: “Dünýäni ýa-da dünýädäki zatlary söýmäň. Eger kim dünýäni söýse, Atanyň söýgüsi onda ýokdur” (1 Ýahýa 2:15).
Dünýäwilik biziň işlerimiz barada däl – näme edýändigimiz we nirede edýändigimiz barada däl – eýsem biziň garaýyşlarymyz barada. Hristianyň şübheli güýmenjelerden we şübheli ýerlerden daşda durup, dünýäni söýmegi mümkin. Dünýäwilik has köp ýürek meselesidir, ol biziň duýgularymyza we ukyplarymyza täsir edýär. Ol Hudaýyň söýgüsine bolan jogabymyz bilen baglanyşykly ýüregimize täsir edýär, we Hudaýyň islegine boýun egmekde ukyplarymyza täsir edýär. Hudaýhonlyk meselesinde, bu dünýäniň häzirki wagtda, ýöne wagtlaýynça, erbet adamyň hökümdarlygy astyndadygyny ýatda saklamak hem kömek edýär (Efesliler 2:2, 6:12; Ýahýa 12:31, 14:30, 16:11). Mesihdäki imanlylar hökmünde, “dünýä maňa haça çüýlendi, we men dünýä” (Galatýalylar 6:14), we biz özümizi “dünýäden arassa” saklamalydyrys (Ýakup 1:27).
Bulara garamazdan, dünýäwilik hudaýhonlygyň duşmanydyr! Çäresi, biziň ýokardan doglandygymyzy, gögüň biziň öýümizdigini we duýgularymyzy goýmak üçin şöhratly bir maksadymyzyň bardygyny ýatda saklamakdyr!






